Microsoft Office-iň ady Microsoft 365 diýip üýtgediler

  • 15.10.2022 09:50
  • 4173
Microsoft Office-iň ady Microsoft 365 diýip üýtgediler

Microsoft kompaniýasy öz möhüm önüminiň — Microsoft Office programma paketiniň çynlakaý rebrendingini geçirmek kararyna geldi.

Microsoft Office-iň peýda bolanyna 30 ýyldan gowrak wagt geçensoň ony Microsoft 365 diýip üýtgetdiler. Excel, Outlook, Word we PowerPoint ýaly öwrenişilen goşundylar hiç ýere gitmez, olaryň ady şol durşuna galar. Ýöne olar indi Microsoft 365 programma pakediniň bir bölegi bolarlar. Şeýle-de, kompaniýa ýakyn wagtda logotipini, dizaýnyny üýtgeder we täze funksiýalary goşar.
Mälim bolşy ýaly, Microsoft 365 – täze bir at däl. Ol Office 365 pakediniň adynyň üýtgedilmeginiň netijesinde peýda boldy. Logotipdäki we dizaýndäki ilkinji üýtgeşmeler Office.com saýtynda noýabrda peýda bolar, ýanwar aýynda bolsa Windows, iOS we Android üçin Office goşundysynyň rebrendingi çykar.
Netijede, Microsoft 365-iň ganatynyň astyna şertli köne we täze goşundylar: Teams, Word, Excel, PowerPoint, Outlook, Loop, Clipchamp, Stream we täze Microsoft Designer jemlener.
Şonuň bilen birlikde, Microsoft Office gutarnykly ýitip gitmez. Microsoft  Office 2021-iň we Office LTSC-iň meýilnamasynyň çäklerinde ulanyjylar we kärhanalar üçin Office goşundysynyň bir gezeklik pakedini satyn almagy teklip etmegini dowam eder. Belki-de bu wagtlaýyn çäre bolsa gerek.


15.04.2024 13:57
2127

Microsoft Windows 11-iň “Pusk” menýusynda mahabatlary synap başlaýar

Microsoft kompaniýasy Windows 11-iň “Başlangyç” (Psuk) menýusynda mahabaty synap başlaýandygyny mälim etdi diýip, iXBT habar berýär. Ýönekeý ulanyjylar aladalanardan entek ir, sebäbi bu synag diňe Windows Insider...

30.03.2024 08:24
3550

Microsoft 30 ýyl Windows-yň bir funksiýasyny täzelemändigini aýtdy

Windows 11-de 1995-nji ýyldan bäri täzelenmedik bir funksiýa ýüze çykaryldy. Gürrüň 30 ýyl mundan ozal Windows 95-den Windows NT-e kod geçirmek üçin işläp düzüji Deýw Plammer tarapyndan döredilen “Formatirlemek”...

24.03.2024 18:01
7567

Sony iň gowy oýun çykaryjylaryň ilkinji onlugyna goşulmady

Metacritic syn beriş saýty 2023-nji ýylyň iň gowy oýun çykaryjylarynyň sanawyny hödürledi. Wideo oýunlary çykaryjylaryň arasynda lider Ýaponiýanyň Capcom kompaniýasy boldy. Kompaniýa öz oýunlarynyň ýokary baha...

16.03.2024 13:53
6182

Microsoft 100 müň sany filippinli zenana emeli aň we kiberhowpsuzlyk boýunça bilim berer

Amerikan tehnologiýa ägirdi Microsoft 100 müň filippinli zenana emeli aň (AI) we kiberhowpsuzlyk tehnologiýalary boýunça bilim berjek haýyr-sahawat maksatnamasyny yglan etdi. Bu barada South China Morning Post...