Tailandda Sony Pictures kinolentalarynyň esasynda dünýäde ilkinji tematiki akwapark açyldy

  • 13.10.2022 17:56
  • 12k+

Tailandyň Pattaýýa şäheriniň golaýynda Sony Pictures kompaniýasynyň filmleriniň esasynda döredilen dünýäde ilkinji tematiki güýmenjeler akwaparky Columbia Pictures Aquaverse açyldy. Onuň açylyş dabarasy sişenbe güni boldy. Bu barada TASS habar berýär.

Amazon Falls seýilgähiniň operator kompaniýasynyň ýolbaşçysy Liakat Dhançi akwaparkyň gurluşygynyň uzak wagtlap, şol sanda koronawirus pandemiýasy döwründe-de dowam edendigini aýtdy. Ilkibaşda Aquaverse 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda bölekleýin işläp başlar diýlip çak edilipdi.
Seýilgähde “Jumanji”, “Arwahlary awlaýjylar”, “Zombilende hoş geldiňiz” ýaly filmleriň, şeýle-de “Nägehanlar dynç alyşda”, “Bulutly, frikadelle görnüşinde ygalyň ýagmagy mümkin”, “Emoji film” ýaly multiplikasion lentalaryň esasynda döredilen attraksionlar hödürlenýär. Aquaverse dürli suw we ýerüsti attraksionlary öz içine alýan birnäçe tematiki zolaklara bölünýär. Beýlekiler bilen bir hatarda, seýilgähiň çäginde kinolentalardan rekwizitler bilen söwda nokatlary hem-de tematiki restoranlar bar.
Akwaparky döredijiler onuň diňe bir ýerli ýaşaýjylary däl, eýsem daşary ýurtly syýahatçylary hem özüne çekjekdigine umyt bildirýärler. 12-nji oktýabrda Aquaverse ähli isleg bildirýänler üçin açylýar.


27.05.2026 15:37
1.5k+

Sony Pictures-i anime taslamalary halas etdi

Sony Pictures Entertainment 2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanan maliýe ýyly boýunça hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşyna görä, bölümiň girdejisi geçen ýylky derejesinde galyp, 9,92 milliard dollar boldy......

07.05.2026 11:00
1.5k+

Sony Tarantinonyň Jango bilen Zorronyň duşuşygy hakyndaky komiksini ekranlaşdyrýar

Sony Pictures kinostudiýasy «Azat edilen Jango» («Джанго освобожденный») we «Zorronyň nykaby» («Маска Зорро») filmleriniň gahrymanlarynyň resmi krossoweri boljak «Jango/Zorro» atly filmiň üstünde işläp başlady....

25.04.2026 15:31
4.1k+

Sony World Photography Awards 2026: ýylyň iň gowy suratlary saýlandy

Dünýäniň 200 ýurdundan iberilen 430 müňden gowrak işiň arasyndan «Sony World Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi....

22.03.2026 00:00
8.1k+

Tailandda resminamalaryna görä 126 ýaşyndaky aýal tapyldy

Tailandyň Lamphun welaýatynda dünýäniň iň garry zenanlarynyň biri tapyldy. Onuň dogluş hakyndaky şahadatnamasyna görä, Guýçe Çitsakunwat 1900-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda dünýä indi. Bu aýal Tailandyň demirgazygyndaky Çiangmaý şäheriniň golaýyndaky Nambonoý obasynda ýaşaýar...