Sony World Photography Awards 2026: ýylyň iň gowy suratlary saýlandy

  • 25.04.2026 15:31
  • 4.1k+

Dünýäniň 200 ýurdundan iberilen 430 müňden gowrak işiň arasyndan «Sony World Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.


«Ýylyň fotografy» diýen baş baýraga meksikaly suratçy Sitlali Fabian mynasyp boldy. Ol özüniň «Bilha. Meniň uýalarymyň hekaýatlary» («Bilha. Stories of My Sisters») atly fotosergisi bilen eminleri haýran galdyrdy.

Ýalaltekleriň neslinden bolan Fabian öz taslamasynda Meksikanyň Oahaka ştatyndaky zenanlaryň durmuşyny, meňzeşliklerini we dürli pudaklardaky üstünliklerini öwrenýär. Ol portret suratlaryny sanly illýustrasiýalar bilen utgaşdyryp, zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny täsirli görkezýär.

«Aýakýalaň wulkanolog», awtory El Leontew (Open ugry boýunça «Ýylyň fotografy»)

Fabian bu baýragyň diňe bir öz üstünligi bolman, eýsem, taslama gatnaşan we öz jemgyýetleri üçin umyt çeşmesi bolan zenanlary dünýä tanatmak üçin uly mümkinçilikdigini belleýär.

«Meniň ozal oýnaýan ýerim», awtory Jubair Ahmed Arnob («Ýylyň fotograf» talyby)

Eminler baş baýrak bilen birlikde, «Professional», «Open», «Student» we «Youth» ýaly ugurlar boýunça ýeňijileri hem kesgitlediler.

Ýeňiji bolan ähli suratlar Londondaky meşhur «Somerset-haus» muzeýinde sergilenýär. Sergi 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinden 4-nji maýyna çenli dowam eder.


26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

25.06.2026 14:38
6.6k+

Islandiýada iki ýyllyk arakesmeden soň gaýtadan läheň awlamak başlandy

Islandiýada täjirçilik maksatly läheň awunyň wagtlaýynça bes edilmeginden iki ýyl geçirip,  ýene-de iki sany läheň awlandy. RUV teleradiokompaniýasynyň habar bermegine görä, bu aw suw jandarlaryny tutmaga......

25.06.2026 10:41
3.5k+

Zalymlyga garşy gözellik: Nature and Humans surat bäsleşiginiň netijeleri

Ýylda geçirilýän üçünji Nature and Humans Photo Competition surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Oňa dünýäniň 49 ýurdundan we sebitinden suratçylar gatnaşdylar. Şu ýylky halkara eminler toparyna meşhur......

20.06.2026 20:25
12k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......