Tesla Şanhaýdaky zawodyndan elektromobilleriň iberilişini rekord derejede artdyrdy

  • 11.10.2022 22:58
  • 7.5k+
Tesla Şanhaýdaky zawodyndan elektromobilleriň iberilişini rekord derejede artdyrdy

Amerikan elektromobil öndürijisi Tesla Inc. sentýabr aýynda Şanhaýdaky kärhanasyndan elektromobil üpjünçiligini zawod kämilleşdirilenden soň rekord derejä ýetirdi. Bu barada Interfax.ru habar berýär.

Hytaýyň ýolagçy awtomobilleriniň assosiasiýasynyň (CPCA) maglumatlaryna görä, Tesla-nyň elektromobil iberişi awgust aýy bilen deňeşdirilende 8% ýokarlanyp, 83 135 birlige ýetdi, bu bolsa 2019-njy ýylyň dekabr aýynda Şanhaýda önümçilik başlanandan bäri iň ýokary görkeziji boldy.
2022-nji ýylyň iýul aýynda amerikan HBS-i kompaniýanyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin kärhananyň işini togtadýandygyny habar berdi.
Sentýabr aýynda Hytaýyň BYD Co. kompaniýasy HHR-de iň uly elektromobil öndürijisi hökmünde Tesla-dan öňe geçdi. BYD geçen aý bazara tas 95 müň elektromobil iberdi – bu bolsa awgust aýy bilen deňeşdirilende, 14% köpdür. Gibrid hereketlendirijili awtomobilleri hasaba almak bilen üpjünçilik 201 müň birlik boldy. BYD-yň bu görkezijileriniň ikisi-de rekord boldy.


düýn 08:20
9.1k+

Dünýäniň awtoulag bazary bäş aýda ilkinji gezek ösüş görkezdi: satuw boýunça Hytaý birinji orunda

2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň jemi boýunça bütin dünýäde ýeňil we ýeňil täjirçilik awtoulaglarynyň satuwy 7 932 657 birlige ýetdi, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 5,7% köpdür. 10 aýda dünýä bazarynyň möçberi 71 736 401...

19.11.2024 18:23
6.5k+

Porsche Hytaýdaky sergide özüniň täze awtomobillerini hödürledi

Porsche kompaniýasy Guançžoudaky Halkara awtosalonda özüniň täze modellerini – 718 Boxster, 911 Targa 4 GTS, Cayenne, Macan, Panamera, Taycan 4 we 911 Turbo 50 Years edition awtomobillerini görkezdi. Porsche 718...

19.11.2024 14:41
5.2k+

BMW Guançžoudaky sergide ilkinji gezek düýbünden täze M235L kupesini görkezdi

Hytaýyň Guançžou şäherinde geçirilen awtoulag sergisinde BMW täze dört gapyly M235L kupesini hödürledi. Bu awtoulag Hytaýda öndürilen ikinji M Performance modelidir. Täze ulag uzyn teker bazasy hem-de içki we daşky...

19.11.2024 11:54
4k+

GAC-Toyota Guançžouda hytaýly müşderilere niýetlenen täze awtomobillerini hödürledi

GAC-Toyota bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň Guançžou şäherindäki awtosalonda özüniň soňky awtomobillerini hödürledi. Görkezilen awtoulaglar, şol sanda gibridler, elektromobiller we benzin modelleri Hytaý bazary üçin...