Serdar Berdimuhamedow tomus möwsüminde ulaglaryň ähli görnüşleriniň kadaly işlemegini üpjün etmegi tabşyrdy

  • 31.05.2024 23:36
  • 27k+

31-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň tomus möwsüminde gözegçilik edýän düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça   görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan ýolagçylara ýokary hilli we medeniýetli hyzmat etmek üçin degişli işler geçirilýär. 
“Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan Aşgabat – Awaza –Aşgabat ugry boýunça hem-de  Bagabat, Arçman, Mollagara, Farap we Baýramaly şypahanalaryna yzygiderli awtobus gatnawy, şeýle hem  “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Halkara howa menzilleri ýerüsti tehnikalar we awtoulaglar bilen doly üpjün edilip, Mary – Türkmenbaşy – Mary, Türkmenabat – Türkmenbaşy – Türkmenabat ugry boýunça täze howa gatnawlary ýola goýuldy. 
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalara degişli bolan gämileriň we tehnikalaryň möwsümleýin tehniki ýagdaýlaryna zerur taýýarlyk işleri geçirildi.  
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan bolsa, ilatymyzy ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlary bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen degişli işler geçirildi. 
Prezident Serdar Berdimuhamedow tomus möwsüminde ulaglaryň ähli görnüşleriniň talabalaýyk işlemegini üpjün etmegiň, raýatlarymyzyň şypahanalara we sagaldyş merkezlerine barmagy üçin ulag gatnawlarynyň sanyny artdyrmagyň, ulaglaryň kadaly işlemegini talabalaýyk alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Agentligiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklar berildi.


16.05.2026 09:58
7.4k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......

14.05.2026 19:01
1.7k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 15:51
6k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....