Şweýsariýada ýoluň abatlanýan böleginden aýlanyp geçmek üçin ýygnalýan köpri oýlap tapdylar

  • 31.05.2024 15:55
  • 20k+

Şweýsariýanyň Federal ýol müdirligi ASTRA atly täze modully ykjam geçelgäni döretdi. New Atlas-yň ýazmagyna görä, awtoulag sürüjilerine aýlanyp geçmegiň ýa-da dyknyşyklarda durmagyň deregine, ýol işleriniň gidýän ýeriniň göni ýokarsyndan geçmäge mümkinçilik berýär.

ASTRA köprüsi işleriň gidýän ýerine eltilýän we bir gijede gurnalýan birnäçe bölekden ybarat. Bu gurnamany ulaglaryň hereketine kän päsgel bermezden çalt ýerleşdirip bolýar.
ASTRA köprüsiniň kömegi bilen iş günüň islendik wagty, şol sanda erbet howa şertlerinde hem amala aşyrylyp bilner - gurluşykçylar we täze asfalt ýagyşdan we gardan goralýar. Köpriniň uzynlygy 257 metr we ini 7,57 metr bolup, bu sagatda 60 km-e çenli tizlikde iki zolakly hereketi ýola goýmaga mümkinçilik berýär.

Işçiler köprini gurandan soň, hereketi düzgünleşdirmäge ünsi sowmazdan, ýoly abatlamaga girişip bilerler. Mundan başga-da, köpriniň 4,65 metr beýikligi ýoluň aşagynda işlemek üçin ýeterlik giňişlik berýär.
2022-nji ýylda ASTRA köprüsi üstünlikli synagdan geçirildi, ýöne gurnamany  doly işlemek gerek boldy. Hususan-da, sürüjiler üçin hereketi has amatly edip, köteli 6% -den 1,25% -e çenli peselden panduslar goşuldy.


15.06.2026 18:40
6.4k+

Şweýsariýada ilatyň sanyny çäklendirmek boýunça referendum geçirildi: raýatlar garşy çykdy

Şweýsariýanyň raýatlary 14-nji iýunda geçirilen referendumda ýurduň hemişelik ilatynyň sanyny 10 million adama çenli çäklendirmek baradaky başlangyja garşy ses berdi. Bu barada Şweýsariýanyň SRG SSR milli......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

28.05.2026 23:41
5.4k+

Şweýsariýada ugry näbelli, wagt tertibi bolmadyk awtobus gatnawy ýola goýuldy

Şweýsariýanyň Baden we Wettingen şäherlerinde «0-njy ugur» diýen at bilen üýtgeşik taslama badalga berildi. Bu taslamanyň çäginde gatnaýan awtobusuň kesgitli bir ugry, wagt tertibi we soňky duralga nokady......

05.04.2026 23:03
4.2k+

Şweýsariýada şokolada bagyşlanan ägirt uly dynç alyş seýilgähi gurlar

Şweýsariýanyň Brok şäherinde Maison Cailler şokolad fabrigini giňeltmegiň taslamasy hödürlenildi. Bu ýerde şokolada bagyşlanan uly syýahatçylyk desgasyny döretmek meýilleşdirilýär diýip, «The Sun» neşiri habar......