Sürüjisiz, rulsuz we pedalsyz taksiler Hytaýda eýýäm şu ýyl peýda bolar

  • 23.05.2024 13:40
  • 13k+

Hytaýyň Baidu tehnologiýa kompaniýasy 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Uhanda rulsuz we pedalsyz Apollo RT6 sürüjisiz taksilerini işe girizmek meýilnamasyny yglan etdi. CarNewsChina-nyň habar bermegine görä, taksini ses buýruklary arkaly ulanyp bolýar.

Sürüjisiz taksileriň sany, takmynan 1000 ulag bolar, diýlip garaşylýar.
Baidu Apollo RT6 awtonom sürüşleriň ösen ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr, bu bolsa oňa, adam gatnaşmazdan, jemgyýetçilik ýollarda howpsuz sürmäge mümkinçilik berýär. Ýolagçylaryň rahatlygyny üpjün etmek üçin, taksi kabinasynda aýaklara dynç berilýän diregli, ýyladyşly we massažly, dört aýry oturgyç bar.


16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.7k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......