1924-nji ýylda goýberilen Auto Red Bug elektrik awtoulagy auksiona çykaryldy

  • 23.05.2024 13:48
  • 11k+

Seýrek Auto Red Bug elektrik awtoulagy eBay-da goýuldy. Ol 1924-nji ýylda Automotive Electric Service kompaniýasy tarapyndan öndürildi diýip, IXBT habar berýär.

Agaç platformada gurlan awtoulag ajaýyp ýagdaýda saklanypdyr we, hatda seýrek ulaglaryň ýaryşlarynda baýraklara hem eýe bolupdyr.
Auto Red Bug asuda işleýänligi, zyýanly gazlary çykarmaýanlygy, dolandyrylyşynyň ýönekeýligi we tehniki hyzmata o diýen mätäç däldigi sebäpli meşhur bolupdyr. Bahasy 125 dollar eken, diýmek, bahasy 290 dollardan başlaýan Ford Model T -den hem arzan bolupdyr.
Elektrikli awtoulag yzky böleginde ýerleşýän elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edilendir we oturgyçlaryň aşagynda ýerleşen batareýalar bilen işleýär. Gyzykly tarapy, Auto Red Bug-yň hereketlendirijisi şol wagtky käbir içinden otlanýan ulaglarda starter hökmünde ulanylan hereketlendirijilere meňzeýär.
Satyjy awtoulagyň diňe bir işlemek bilen çäklenmän, eýsem ýagdaýynyň hem gowudygyny aýdýar.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.7k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......