Dünýäde elektromobil satuwy birinji ýarymýyllykda 28% ýokarlandy

  • 17.07.2025 14:32
  • 3k+

2025-nji ýylyň ilkinji alty aýynda bütin dünýäde 9,1 mln elektromobil satyldy we bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 28% köpdür. Şeýle maglumatlary Rho Motion analitikleri berýär.

Hytaý satuwy 32% – 5,5 mln elektromobile çenli ýokarlandyryp, iň uly dünýä bazary adyny saklady. Ol global satuwyň ýarysyndan gowragyny üpjün etdi. Ýurtda satylýan her ikinji awtomobil – elektrik.
Ýewropada 2 mln elektromobil satyldy, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 26% köpdür. Ösüşe Renault 4 we Renault 5 ýaly has elýeterli modelleriň çykmagy ýardam etdi. Zarýad berilýän gibridler hem, esasan, hytaý üpjün edijileriniň kömegi bilen 27% ösüş görkezdi. Ispaniýada satuw maliýe goldawynyň netijesinde 85%, Beýik Britaniýada – 32%, Germaniýada – 40% ýokarlandy. Fransiýada alyjylar üçin goldawyň ýoklugy sebäpli 13% pese gaçyş hasaba alyndy.
Demirgazyk Amerikada satuw bary-ýogy 3% – 900 müň awtomobile çenli ýokarlandy. ABŞ-da ösüş 6%, Meksikada 20% boldy. Kanadada, tersine, 23% pese gaçyş hasaba alyndy. 30-njy sentýabrdan ABŞ-da maliýe goldawynyň azalyp bilmegi ýylyň ikinji ýarymynda islege täsir edip biler.
Dünýäniň galan bölegi 700 müň satylan elektromobil bilen 40% ösüş görkezdi. 


düýn 18:36
2.7k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......