Günorta-Hytaý deňziniň düýbünden Ikinji jahan urşy döwrüniň suwasty gämisi tapyldy

  • 26.05.2024 23:09
  • 18k+

Gözlegçiler Ikinji jahan urşunyň iň meşhur gämilerinden biri bolan Amerikanyň USS Harder suwasty gämisiniň soňky çöküp galan ýerini tapdylar. Batyrlygy we yzgytsyz hüjümleri bilen tanalýan bu suwasty gämi 1944-nji ýyldan bäri Günorta-Hytaý deňziniň düýbünde ýatypdyr diýip, Business Insider habar berýär.

ABŞ-nyň Harby-deňiz taryhy we mirasy müdirligi (NHHC) Ikinji jahan urşy döwründe ýitirilen 52 amerikan suwasty gämisini tapmaga bagyşlanan Lost 52 taslamasy tarapyndan toplanan maglumatlary ulanyp, tapyndyny tassyklady.
Ady rowaýata öwrülen kapitan Semýuel Diliniň ýolbaşçylygyndaky Harder alty söweş syýahatyny amala aşyrypdyr we bir gezekki patrulçylygynda üç sany ýapon esminini gark etmek bilen meşhurlyk gazanypdyr.
900 metrden gowrak çuňlukdan tapylan suwasty gäminiň, söweş çapygyny hasap etmeseň, ýagdaýynyň degişlilikde gowudygy bellendi.
NHHC: "Suwasty gämileri, gurluşy bilen bagly, tanamak kyn. Ýöne heläkçiligiň bolan ýeriniň we Lost 52 tarapyndan alnan maglumatlaryň örän oňat saklanandygy  sebäpli NHHC-e munuň hut  Harder-digini tassyklamak başartdy" – diýip habar berýär.
Ösen fotogrammetriýa we suwasty robot tehnikalary Lost 52 toparyna gark bolan suwasty gäminiň jikme-jik şekillerini döretmäge mümkinçilik berdi.
Suwasty partlamalaryň pidasy bolan Harder 1944-nji ýylda Filippinleriň kenarynda ýapon goşunlary tarapyndan gark edilipdir. Onuň üstünde ekipažyň 79 agzasy bar eken.

şu gün 00:07
1.8k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
1.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
2.6k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 23:53
1.6k+

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....