Tim Kuk Apple-iň “haýrana galdyryjy” meýilnamalarynyň bardygyny aýtdy

  • 07.08.2025 13:26
  • 3.3k+

Apple-iň baş direktory Tim Kuk işgärler bilen geçirilen içerki ýygnakda kompaniýanyň geljekdäki ösüşlerine adaty bolmadyk umyt bildirdi. Ol ýakyn ýyllar üçin niýetlenen "ýol kartasyny" "haýrana galdyryjy" diýip atlandyrdy we Apple-iň  köp sanly bildirişleri taýýarlaýandygyny aýtdy diýip, Bloombergiň žurnalisti Mark Gurmana salgylanýan 9to5Mac habar berýär.

Kuk "yglan edilýän işläp taýýarlamalardan ýaňa beýle ýokary energiýany we umydy ozal hiç wagt duýmandygyny" aýtdy. Käbir täze önümler eýýäm ýakyn wagtda, käbirleri bolsa biraz gijräk hödürlener. Şol bir wagtyň özünde, "almaçylaryň" başlygy gizlinlik syýasaty sebäpli jikme-jiklikleri açyp bilmejekdigini belledi. Ol diňe häzirki önüm setiriniň Apple-iň taryhynda iň täsir galdyryjydygyny aýtdy.
Gurmanyň sözlerine görä, çykyşda emeli aň we Siri ses kömekçisiniň täzelenmegi bilen baglanyşykly temalara deglip geçildi. Neşiriň pikirine görä, Kukuň optimizmi kompaniýada toplan 30 ýyl töweregi tejribesiniň we iPhone-y öz içine alýan köp sanly esasy çykarylan önümleriň fonunda aýratyn bellärliklidir.
Häzir Apple-iň iPhone-ny, iPad-i, Mac-y, AirPods–y kämilleşdirmegiň, şeýle hem täze taslamalar bolan Apple Glass akylly äýneginiň we akylly öý üçin enjamlaryň üstünde işleýändigi mälimdir. Bilermenler ünsüň täze "ýol kartasyna" jemlenmegi kompaniýanyň AI ulgamynda yza galmagy baradaky tankytlara strategik jogap bolup biler diýip hasaplaýarlar.


01.02.2026 12:21
1.8k+

Apple birnäçe ýurtlarda App Store-daky oýunlaryň we programmalaryň bahalaryny gymmatladýar

Apple kompaniýasy dokuz sany ýurtda programmalaryň we programma içindäki satyn alyşlaryň bahalaryny üýtgetmek barada karara geldi. Bu barada kompaniýa işläp düzüjilere iberen ýörite habarnamasynda mälim etdi. Bahalardaky üýtgeşmeler eýýäm güýje girdi we täze aýda ýene-de goşmaça düzedişleriň girizilmegine garaşylýar...

01.02.2026 12:03
1.6k+

Pursatdan peýdalanjak diýseňiz: Apple Music üç aýlyk mugt abuna sowgat edýär

Apple kompaniýasy täze ulanyjylaryň adaty bir aýyň ýerine üç aýlap «Apple Music» ulgamyna mugt girmegine mümkinçilik berýän aksiýany yglan etdi. Bu başlangyç, Apple-iň resmi hemaýatçy hökmünde çykyş edýän «Superboul» sport we şou dabarasyna bagyşlanýar...

29.01.2026 07:06
5.3k+

Bahasy tas 30% arzanladylandan soň "şowsuz" iPhone Air Hytaýda derrew satylyp gutardy

Hytaýda iPhone Air modeliniň bahalarynyň ep-esli peselmeginden soň satuwlar düýpli üýtgedi. Meşhur JD.com internet bazarynda smartfonyň 256 GB ýatly wersiýasy eýýäm "satylyp gutardy" diýlip görkezilýär. Önümiň maglumat sahypasynda enjamyň täzeden satyn alynma (getirilme) tapgyryndadygy we eltip berme möhletleriniň fewral aýyna süýşürilendigi bellenilýär...

28.01.2026 14:29
3.7k+

Apple garaşylmadyk ýagdaýda iPhone-nyň könelişen modelleri üçin möhüm täzelenme çykardy

Apple kompaniýasy iPhone 5s we iPhone 6 ýaly könelişen modeller, şeýle hem iOS 12 operasion ulgamynda işleýän beýleki enjamlar üçin iOS 12.5.8 täzelenmesini çykardy. Bu smartfonlaryň satuwa çykarylyp başlanyna eýýäm on ýyldan gowrak wagt geçdi...