Türkmenistanda bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi

  • 30.05.2024 07:48
  • 29k+

28-nji maýda Türkmenistanyň günbatar sebitinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi diýip, TDH agentligi habar berýär.

Watan goragçylarynyň hünär ussatlygyny, söweşjeň taýýarlygyny artdyrmak, olaryň gury ýerde, howa giňişliginde, deňizde harby sungatyň täze öňdebaryjy usullaryny, söweşi alyp barmagyň tärlerini ulanmak arkaly, sazlaşykly hereketleri ýerine ýetirmegi başarmaklaryny gazanmak bu gezekki türgenleşikleriň esasy maksadydyr. Toparlaryň öňünde duşman toparlaryny ýok etmek, howa hüjümlerini gaýtarmak we beýlekiler ýaly söweşjeň türgenleşik wezipeleri goýuldy. Şunda sanly ulgamyň işjeň ulanylmagynyň türgenleşikleriň tapawutly aýratynlygydygyny bellemek gerek. Bu babatda häzirki zaman sanly nawigasiýa ulgamy bilen üpjün edilen uçarmansyz uçuş enjamlaryna, sanly ulgamyň binýadynda hereket edýän garşydaşy ýüze çykarmagyň radiolokasion serişdelerine hem-de iň täze ýaraglaryň beýleki görnüşlerine aýratyn orun degişlidir. Harby deňizçiler okuw türgenleşiklerine gatnaşyp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň beýleki goşunlary bilen bilelikde sazlaşykly hereket etdiler hem-de döwletimiziň deňiz serhetleriniň, tutuş ýurdumyzyň çäkleriniň howpsuzlygyny, bitewüligini üpjün etmekde döwrebap tehnikalara başarnykly erk etmek ukyplaryny görkezdiler.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlarynyň esgerleri ýokary söweşjeň ussatlygyny görkezip, öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Şu gezekki okuw türgenleşikleriniň barşynda türkmen esgerleri nobatdaky gezek edermenligiň, dogumlylygyň, gaýduwsyzlygyň, häzirki zaman harby tehnikalaryna we ýaraglara erk etmegiň nusgasyny, nazaryýet we söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini, sazlaşykly hereketleriň kämil derejesini görkezdiler.
Okuw türgenleşikleriniň çäklerinde dürli harby tehnikalaryň, şol sanda uçarmansyz uçuş enjamlarynyň, ýaraglaryň beýleki görnüşleriniň sergisi guraldy.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......