Google Hytaýda Google Translate hyzmatynyň işini bes etdi

  • 05.10.2022 10:39
  • 5327
Google Hytaýda Google Translate hyzmatynyň işini bes etdi

Google kompaniýasy “pes ulanylyş derejesine” salgylanyp, Hytaýda Google Translate terjime hyzmatynyň işini bes etdi diýip, Interfax.ru habar berýär.

Google geçen birnäçe ýylda ýokary bäsdeşligiň, düzgünleşdirmäniň berkemeginiň we internetdäki berk senzuranyň esasynda Hytaýyň bazaryndan giden ençeme amerikan internet kompaniýalarynyň göreldesine eýerdi diýip, “The Wall Street Journal” ýazýar. Mundan başga-da, Hytaýda soňky ýyllar daşary ýurtly terjime hyzmatlary bilen bäsleşip biljek hususy terjime hyzmatlary işjeň ýagdaýda ösýär.
2010-njy ýylda Google ýurtda gözleg ýüz tutmalaryny senzura sezewar etmekden ýüz öwrüp, öz gözleg hyzmatyny Hytaýdan çykardy. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa 2017-nji ýylda hytaýly ulanyjylar üçin Google Translate-iň täzelenen wersiýasyny işe girizip, Hytaý bazaryndaky ornuny giňeltmäge çalyşdy.
Şeýle-de, kompaniýa Pekindäki emeli intellekti öwreniş merkezini dolandyrýardy, ýöne ony 2019-njy ýylda ýapyp, HHR-de bu ugurdan indi gözleg geçirmeýändigini habar berdi.
Google häzirem Hytaýda meşhur brauzer hasaplanýan Chrome ýaly çäkli mukdarda hyzmatlary hödürleýär.


13.05.2024 20:27
4753

Google kompaniýasy Chrome brauzeri üçin gyssagly täzelenme çykardy

Google kompaniýasy howply gowşaklygy düzetmek üçin Chrome brauzeriniň täzelenmesini çykardy diýip, HelpNetSecurity portaly ýazýar. Kiberhowpsuzlyk pudagyndaky hünärmenler Chrome-da ulanyjylaryň gurluşlarynda maglumatlara...

12.05.2024 09:14
3671

“Google Habarlarda” “GIF selfi” - gysga selfi wideolar peýda bolar

“Google Habarlar” programmasy ulanyjylara gysga, yzygiderli wideo habarlaryny ibermäge mümkinçilik berýän “GIF Selfi” aýratynlygy peýda bolar diýip, Android Authority habar berýär. Täze aýratynlyk smartfonyň öň...

28.04.2024 23:30
13303

Panda diplomatiýasy: Hytaý 10 ýyllyk möhlet bilen Amerikanyň haýwanat bagyna iki panda iberer

Bambuk aýylaryny goramak boýunça 10 ýyllyk halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäginde Hytaý ABŞ San-Diýegonyň haýwanat bagyna bir jübüt pandany - erkek Ýun Çuan bilen ene Sin Baony iberer. Bu barada Hytaýyň Ýabany...

25.04.2024 11:57
11757

Ýeriň çöküşmegi sebäpli, Hytaýyň şäherleriniň ýarysyna golaýyna suw basmak howpy abanýar

Hytaýyň gür ilatly ýerleri, deňiz derejesiniň ýokarlanmagy we gury ýeriň adatdakysyndan has çalt çökýändigi bilen baglanyşykly çynlakaý howpa duçar bolýar. Alymlar munuň öňi alynmasa, deňiz derejesinden pesde ýerleşýän...