Google "Pixel-iň" Täze ýyl mahabatynda iPhone-y ýaňsylaýar

  • 23.12.2024 16:21
  • 5.9k+

Google kompaniýasy Pixel üçin täze Roždestwo mahabatyny çykardy we onda iPhone-yň üstünden ýaňsyly gülýär.

Wideoda iki smartfon – Pixel we iPhone sowgatlyk gutularyna gaplanan bolup, ondan çykmaga synanyşýar. Munuň üçin Pixel maslahat sorap Gemini neýroulgamyna ýüz tutýar. Neýroulgam smartfonlaryň, ähtimal, sowgat bolandygyny we howsala düşmäge hiç hili sebäbiň ýokdugyny düşündirýär. Muňa garamazdan, iPhone dowla düşüp, eýýäm Gemini we Circle to Search emeli aň funksiýalary görnüşinde artykmaçlyga eýe bolan Pixel-den tapawutlylykda, görkezilmäge taýyn däldigini aýdýar. Google-yň smartfony bolsa göwünlik beriji sözleri diýip, kärdeşini köşeşdiren bolýar.
Bellemeli ýeri, Google tarapyndan saýlanan marketing strategiýasynyň maksadalaýyklygynda şübheler bar. Çünki, Circle to Search funksiýasy diňe bir Pixel-de däl, eýsem beýleki Android gurluşlarynda-da elýeterli, Gemini bolsa iOS-da hem işleýär. Şeýle-de, gözlegler mahabatyň ünsi çekýän emeli aň funksiýalarynyň smartfon saýlamakda o diýen uly rol oýnamaýandygyny görkezdi. Pikir soraşmalara görä, alty sany iPhone ulanyjynyň diňe biri ösen emeli aň funksiýalary üçin başga smartfona geçmek barada pikir edip bilerdi.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......