Lukmançylyk boýunça Nobel baýragy adam ewolýusiýasy boýunça gözlegler üçin berildi

  • 04.10.2022 11:58
  • 7.5k+

2022-nji ýylda fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragy şwesiýaly biolog Swante Pebu berildi. Bu barada Stokgolmyň Karolinsk institutynyň Nobel komiteti habar berdi diýip, TASS belleýär.

Alym “ölüp gutaran gominidleriň (şol sanda homo sapiens-i hem öz içine alýan primatlar maşgalasy) genomy we adam ewolýusiýasy ugrundaky açyşlary üçin” bu baýragyň eýesi boldy. Öz gözlegleri bilen Pebu ylmy dünýäde mümkin däl ýaly görünýän zady ýerine ýetirmegi – neandertalyň genomyny sekwenirlemegi başardy. “Şeýle-de, ol öň näbelli bolan gominidiň – Denisowa adamynyň sensasion açyşyny etdi” – diýlip, komitetde bellenildi.
Şwesiýaly biolog genleriň ölüp gutaran gominidlerden homo sapiens-e geçmeginiň 70 müň ýyl ozal Afrikadan göçenlerinden soň bolup geçendigini anyklady. Häzirkizaman adamlarynda bu genler onuň immun ulgamynyň ýokanja nähili täsirlenýändigini kesgitleýär. Pebunyň gözlegi düýbünden täze ylmy dissiplinany – paleogenomikany döretdi.
Swante Pebu – ewolýusiýa genetikasy boýunça hünärmen. Ol 1955-nji ýylda Stokgolmda dünýä indi. Pebu – genetiki usullaryň kömegi bilen ilkinji adamlary we gominidleri öwrenmek bilen meşgullanýan paleogenetikany esaslandyryjylaryň biri. Ol bu ugurda işe 1984-nji ýylda Ýewropa muzeýleriniň ýygyndylaryndan gadymy Müsür mumiýalaryny öwrenmek bilen başlady. 1985-nji ýylda taryhda ilkinji gezek mumiýadan genetiki material aldy. 2010-njy ýylyň mart aýynda Pebunyň gözleg topary Altaýdaky Denisowa gowagynda tapylan bölekden DNK-ny öwrenip, gadymy döwürde gominidleriň öň belli bolmadyk görnüşiniň – denisowa adamynyň bolandygy baradaky netijä geldi.
Pebu Şwesiýanyň Patyşalyk Ylymlar akademiýasynyň, ABŞ-nyň Milli Ylymlar akademiýasynyň, Fransiýanyň Ylymlar akademiýasynyň we Londonyň Patyşalyk jemgyýetiniň agzasy.
Baýrak gowşurylyş dabarasy 10-njy dekabrda, Alfred Nobeliň ýogalan güni geçiriler. Pul baýragynyň möçberi 10 mln krona barabar. Şwesiýanyň walýutasynyň gowşamagy sebäpli, bu häzirki hümmet boýunça 900 müň dollardan sähel geçýär.


16.04.2026 16:48
4.2k+

Pekin lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Arkadag şäherine baryp gördi

15-nji aprelde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat......

15.04.2026 23:40
2.7k+

BAE-de semizlige garşy dünýäde gerdejik görnüşli ilkinji derman ulanmaga rugsat berildi

Birleşen Arap Emirliklerinde semizlige garşy dünýäde ilkinji gerdejik görnüşindäki dermanyň ulanylmagy makullandy. Bu barada «Khaleej Times» neşiri habar berýär....

15.04.2026 17:32
2.7k+

Alymlar Alsgeýmer keseliniň irki alamatyny anykladylar. Bu - ys duýmagyň ýitmegi

Ys duýuşyň peselmegi, entek ýatkeşlik bilen bagly mesele döremezden öň hem, Alsgeýmer keseliniň ilkinji alamatlarynyň biri bolup biler. Bu Germaniýanyň Neýrodegeneratiw keselleri öwreniş merkeziniň we......

09.04.2026 20:12
8.3k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....