Ýakynda Aşgabatda TOPH taslamasynyň ýolbaşçy komitetiniň mejlisi geçiriler

  • 27.09.2022 14:52
  • 10k+

Ýakyn wagtda Aşgabatda TOPH taslamasynyň ýolbaşçy geňeşiniň mejlisi geçiriler. Bu barada TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň premýer-ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar Ahund bilen geçiren duşuşygynda beýan etdi diýip, ORIENT agentligi Pajhwok habarlar agentligine salgylanyp habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar taslamanyň ýerine ýetirilişini hem-de öň ylalaşylan çäreleriň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar.
Owgan tarapy taslamany durmuşa geçirmäge ygrarlylygyny we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň üstünlikli gurluşygyna ýardam etjek hyzmatdaşlygyň islendik görnüşine taýýarlygyny tassyklady.
TOPH taslamasy ýylda 33 mlrd kub metr türkmen gazyny eksport etmek üçin 1800 km-den gowrak uzynlygy bolan turba geçirijisini gurmaklygy göz öňünde tutýar.


düýn 19:17
2.7k+

15-nji noýabrda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar

15-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar...

düýn 12:38
5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy owgan çagalaryna ynsanperwerlik kömegini ugradar

5-nji noýabrda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde Owganystana ynsanperwerlik kömegini ugratmak barada bellenip geçildi...

düýn 12:32
6.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasy täzelendi we dolandyryş düzümi üýtgedildi

5-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi...

düýn 12:10
4.2k+

Arkadag şäherinde bedewleriň we söwda kerweniniň heýkelleri ýerleşdirilen seýilgäh gurulýar

5-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, “Arkadag” seýilgähine baryp gördi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D...