Ýakynda Aşgabatda TOPH taslamasynyň ýolbaşçy komitetiniň mejlisi geçiriler

  • 27.09.2022 14:52
  • 10k+

Ýakyn wagtda Aşgabatda TOPH taslamasynyň ýolbaşçy geňeşiniň mejlisi geçiriler. Bu barada TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň premýer-ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar Ahund bilen geçiren duşuşygynda beýan etdi diýip, ORIENT agentligi Pajhwok habarlar agentligine salgylanyp habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar taslamanyň ýerine ýetirilişini hem-de öň ylalaşylan çäreleriň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar.
Owgan tarapy taslamany durmuşa geçirmäge ygrarlylygyny we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň üstünlikli gurluşygyna ýardam etjek hyzmatdaşlygyň islendik görnüşine taýýarlygyny tassyklady.
TOPH taslamasy ýylda 33 mlrd kub metr türkmen gazyny eksport etmek üçin 1800 km-den gowrak uzynlygy bolan turba geçirijisini gurmaklygy göz öňünde tutýar.


düýn 00:06
11k+

«Galkynyş» känini özleşdirmegiň täze tapgyry müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer

«Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyry ýurduň önümçilik infrastrukturasyny we eksport mümkinçiliklerini düýpli giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň......

17.04.2026 23:49
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Din Sýuesýan «Galkynyş» känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berdi

17-nji aprelde Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça işlere badalga bermek dabarasy boldy. Çärä Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy......

17.04.2026 16:36
11k+

«Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi

Türkmenistanyň Mary welaýatynda ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň täze tapgyry başlandy. Şu gün irden geçirilen dabaraly çäre barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär....

17.04.2026 16:26
6.1k+

«Türkmengaz» döwlet konserni we CNPC täze gaz desgalarynyň gurluşygy barada ylalaşyga gol çekdi

16-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada TDH habar berýär....