Serdar Berdimuhamedow “Bouygues” kompaniýasynyň Türkmenistandaky gurluşyklaryna ýokary baha berdi

  • 26.09.2022 12:38
  • 15k+

25-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Bouygues” kompaniýalar toparynyň Baş direktory Marten Buigi kabul etdi. Hormatly Prezident baýramçylyk çärelerine gatnaşýandygy we hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň dürli pudaklarda ýöriteleşen öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açykdygyny belledi.

Döwlet Baştutany ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan üstünlikli hyzmatdaşlygyň netijesinde iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine “Bouygues” fransuz kompaniýasynyň uly goşandyny belledi. Şol maksatnamanyň çäklerinde Garaşsyzlyk ýyllarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde tutuş ýurdumyz boýunça häzirki Türkmenistanyň hemişelik nyşanyna öwrülen önümçilik, durmuş-medeni maksatly möhüm desgalaryň onlarçasy bina edildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow “Bouygues” kompaniýasynyň durmuşa geçiren taslamalaryny ýokary hilli, üstüne alan borçnamalaryny öz wagtynda hem-de jogapkärçilikli ýerine ýetirýändigini nygtady.
Işewür “Bouygues” kompaniýasynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. Kompaniýa Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri ýurdumyzda işläp gelýär. Marten Buig ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň, buýrujynyň ähli isleglerine laýyklykda, ynanylan taslamalary durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryna pugta eýerjekdigini belledi.
Hormatly Prezident toplanan oňyn tejribäniň, uzak möhletleýin netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, türkmen tarapynyň kompaniýanyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.


10.06.2026 17:29
12k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

31.05.2026 13:30
7.1k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

11.05.2026 18:16
5.1k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......