Gazagystanda nobatdan daşary prezident saýlawlary 20-nji noýabrda geçer

Gazagystanda nobatdan daşary prezident saýlawlary 20-nji noýabrda geçer

20-nji noýabrda Gazagystanda nobatdan daşary prezident saýlawlary geçiriler. Degişli karara Prezident Kasym-Žomart Tokaýew gol çekdi diýip, döwlet Baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.

"Karar edýärin: Gazagystan Respublikasynyň prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlaryny 2022-nji ýylyň 20-nji noýabryna bellemeli" - diýlip, çarşenbe güni neşir edilen kararda aýdylýar.

Merkezi saýlaw toparyna nobatdan daşary prezident saýlawlaryny guramak we geçirmek; hökümete guramaçylykly, material-tehniki we maliýe üpjünçiligi boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.
Karar birinji resmi neşir edilen gününden güýje girýär.
Gazagystanda prezident saýlawlaryna dalaşgärleri hödürlemek çäresi 23-nji sentýabrda başlanyp, 11-nji oktýabrda tamamlanar diýip, Respublikanyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň orunbasary Konstantin Petrow habar berdi.