Hytaý Ýünhay-1 meteorologik hemrasyny uçurdy

  • 22.09.2022 14:27
  • 5.6k+

Hytaý düýn, 21-nji sentýabrda atmosfera, deňiz we älem gurşawyna gözegçilik etmekde ulanylýan üçünji Ýünhay-1 hemrasynyň üstünlikli uçuşyny amala aşyrdy.

Sinhua habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Ýünhay-1 03 hemrasynyň uçuşy ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Szýusýuan kosmodromyndan Long March-2D raketa göterijisiniň kömegi bilen amala aşyryldy.
Hemra goýberilenden soň, meýilleşdirilen orbital pozisiýasyna çykaryldy.
Şanhaýyň älem uçuşlarynyň tehnologiýasy akademiýasynda (SAST) işlenip taýýarlanan hemra ylmy barlaglar we tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak boýunça barlaglar üçin ulanylar.
Ýünhay-1 hemralarynyň birinjisi 2016-njy ýylyň noýabrynda, ikinjisi bolsa 2019-njy ýylyň sentýabrynda goýberilipdi.
Long March (“Çançžen”/ “Beýik ýörüş”) tapgyrlaýyn raketa göterijiler üçin bu goýberiliş hasap boýunça 438-njidir.


01.07.2025 19:01
4.9k+

Pekinde gumanoid robotlaryň arasynda ilkinji futbol ýaryşy geçirildi

Hytaýyň paýtagtynda gumanoid robotlaryň gatnaşmagynda özboluşly futbol ýaryşy geçirildi. Olar diňe emeli aň tarapyndan dolandyrylmak bilen, hiç hili daşarky gatyşyk bolmazdan meýdançada özbaşdak hereket edip, topy alyp, derwezä depdi...

27.06.2025 11:19
8.7k+

Hytaýda alty tonnalyk konwertoplan ilkinji gezek synag edildi: bir wagtyň özünde hem dikuçar, hem uçar

Hytaýda täze "Zhang Ying R6000" konwertoplanynyň ilkinji ýerüsti synaglary geçirildi. Synaglaryň suratlary United Aircraft tarapyndan çap edildi. Alty tonnalyk apparat pilotly we pilotsyz dolandyrylýan görnüşlerde döredildi...

23.06.2025 16:10
5.6k+

Hytaý inženerleri ilkinji gezek habary buzuň içinde kodlamagy başardy

Pekiniň politehniki institutynyň inženerleri Aziýanyň we Ýewropanyň beýleki uniwersitetlerinden kärdeşleri bilen bilelikde maglumatlary saklamagyň we ibermegiň usulyny oýlap tapdy. Olara howa köpürjiklerini ulanyp, buzuň içinde maglumat ýazmak başartdy...

21.06.2025 17:21
8.6k+

Hytaýyň magnitli otlusynyň nusgasy täze tizlik rekordyny goýdy

Hytaý magnit lewitasiýaly otlynyň (maglew) prototipiniň tizligini bary-ýogy ýedi sekuntda sagatda 650 kilometre ýetirdi. Bu üstünlik Hubeý prowinsiýasynda gurlan täze 1000 metrlik ýokary tizlikli synag ýolunda gazanyldy diýip, «CGTN» habar berýär...