Oleg Kononenko: “Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşmaga we Watanyma baryp görmäge şatdyryn”

Oleg Kononenko: “Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşmaga we Watanyma baryp görmäge şatdyryn”

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, tälimçi, kosmonawt-synagçy, “Roskosmos” korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko hem Prezident Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Siz döwlet Baştutany wezipesinde gysga wagtyň içinde öňdengörüji hem-de tutanýerli, Türkmenistanyň halkyny ähli ulgamlarda täze belentliklere we üstünliklere tarap alyp gitmek ýaly taryhy wezipäni anyk bilýän Lider hökmünde özüňizi görkezdiňiz. Siziň halkara duşuşyklaryňyz, öňe sürýän täze başlangyçlaryňyz hem-de teklipleriňiz dünýä derejesinde parahatçylyk dörediji merkezleriň biri, durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň, adalatlylygyň berkarar edilmegine ägirt uly goşant goşýan Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki ornunyň berkidilmegine gönükdirilen işleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň subutnamasydyr” diýip, Oleg Kononenko hatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşjakdygyna umyt edip, sahawatly Watanyna ýene-de baryp görmäge şatdygyny beýan etdi.