Ahal welaýatynda 6 müň 200 metrlik Saglyk ýoly dörediler

  • 18.09.2022 10:27
  • 17k+

17-nji sentýabrda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine baryp görmeginiň çäklerinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Saglyk ýolunyň geçjek ýerleriniň çyzgysy bilen tanyşdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy umumy uzynlygy 6 müň 200 metre barabar bolan saglyk ýolunyň çägi, onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak hem-de saglyk ýolunyň ugrunda ugurdaş desgalary gurmak, gök zolaklary döretmek bilen baglanyşykly meselelere häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda çemeleşilmelidigini belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, şol sanda yşyklandyryjylaryň, ulanyljak içki bezeg serişdeleriniň, ýerasty geçelgeleriň gurluşyklarynda häzirki zamanyň ösen talaplarynyň ýerine ýetirilmegine ähmiýet berilmelidigini aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalara birnäçe belliklerini aýdyp, olar boýunça degişli maslahatlaryny berdi.


11.10.2025 18:25
12k+

Aşgabatda, Tejende we Daşoguzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Aşgabadyň günorta künjeginde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi...

09.10.2025 11:12
7.3k+

Daşoguz we Tejen şäherlerinde täze saglygy goraýyş desgalary gurlar

“Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahanany we Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurar. Saglygy goraýyş we derman senagaty...

06.07.2025 20:51
14k+

Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine we Aşgabadyň lukmançylyk edaralaryna iş saparyny amala aşyrdy

5-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Uçuşyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabadyň çäklerinde bar bolan we täze gurulýan saglyk merkezleriniň ýagdaýy, olaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň derejesi bilen tanyşdy...

06.07.2025 20:34
9.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda lukmançylyk edaralarynyň gurluşyklary boýunça maslahatlaryny berdi

5-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäginde gurluşyk toplumyna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän wise-premýer B...