Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy

  • 18.09.2022 09:58
  • 6.4k+

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow daň säher bilen Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Halkara Ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy we toplumda häzirki döwürde alnyp barylýan işler, seýisleriň we çapyksuwarlaryň iş hem-de durmuş şertleri bilen tanyşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň çäginde gelip, bu ýerde idedilýän atlaryň ýagdaýy, olaryň daň säher çaglarynda gezim etdirilişiniň aýratynlyklary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy çapyşyga gatnaşdyryljak atlaryň irki gezelenjini gurap ýören tejribeli seýis D.Saparowyň ýanyna baryp onuň bilen söhbetdeş boldy.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk atly gyr bedewe atlanyp, bu künjegiň giňişliklerinde bir sellem gezim etdi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bedewi öz erkine goýberdi. Ýokary derejede seýislenen we at çapyşyklaryna taýýarlanýan bedew ädim urşuny çaltlandyryp başlady we ýüzün salyp öz ýyndamlygyny görkezdi.


03.06.2026 11:50
2.6k+

Täze Guramaçylyk topary atly sport we gözellik bäsleşiklerini geçirmek bilen meşgullanar

1-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti dünýä derejesindäki halkara bäsleşikleri ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparyny döretmek baradaky Karara gol çekdi....

01.06.2026 00:04
7k+

Ahalteke atlarynyň endamy nädip lowurdaýar? Türkmen alymlary muny öwrendi

Türkmen biotehnologlary ahalteke atlarynyň tüýüne mahsus bolan lowurdynyň esasynda ýatan biohimiki mehanizmleri anyklady we oňa barlaghana şertlerinde obýektiw baha bermegiň täze usulyny işläp taýýarlady. Bu......

11.05.2026 22:59
1.4k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

03.05.2026 14:32
15k+

Arkadag şäherinde bilim alýanlar üçin birnäçe talyp haklary giriziler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň......