Amazon Hindistanda howpsuzlyk kemerleriniň ildirgiçleri üçin ötürgiçleri satmagyny bes eder

  • 17.09.2022 10:59
  • 14k+

Amazon internet-ägirdi Hindistanda howpsuzlyk kemerleriniň ildirgiçleriniň ötürgiçlerini satuwdan aýrar: olar kemer ulanylmadyk ýagdaýynda duýduryjy yşaratyň işläp başlamagyny aradan aýyrmakda ulanylýarlar. Reýter agentliginiň ýazmagyna görä, bu golaýda ýerli işewürleriň biriniň ýol-ulag heläkçiliginde aradan çykmagy bilen bagly hindi häkimiýetiniň haýyşyna jogap boldy. Saýrus Mistri kemer dakynman oturan eken.

Şeýle-de Amazon howpsuz däl önümleri satuwdan aýyrmak baradaky talaby ýerine ýetirmekden gaça durýan satyjylara garşy “berk çäre” görmäge söz berdi. Ildirgiç üçin ötürgiçler 249 rupiýadan satylýardy.
Hindistanyň ulag ministri Nitin Gadkari ýurduň hökümetiniň awto öndürijileri çykarýan ulaglarynyň diňe bir öňdäki oturgyçlaryny däl, eýsem yzky diwanyny hem ildirilmedik howpsuzlyk kemerleri barada duýdurýan yşaratlar bilen üpjünlemäge borçly etmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi.
2024-nji ýylyň ahyryna çenli Hindistan ýurduň ýollarynda öwezini dolup bolmajak ýitgi bilen gutarýan  ýol-ulag hadysalarynyň sanyny iki esse azaltmagy göz öňünde tutýar. 2021-nji ýylyň jemleri boýunça ýurtda bolup geçen ýol-ulag hadysalarynda 150 müňden gowrak adam ýogaldy. Bu her dört minutdan bir adamyň heläk bolýandygyny aňladýar.  


13.03.2026 18:39
4k+

Hindistandaky uniwersitet kampusy gadymy guýularyň äheňinde gurulýar

Sanjay Puri Architects studiýasy Hindistanyň Madhýa-Pradeş ştatyndaky Prestige University üçin okuw binasynyň taslamasyny hödürledi. 30 800 inedördül metr meýdany tutýan bäş gatly bina diagonal boýunça ýokary galyp, meýdançanyň demirgazyk böleginde 28 metr beýiklige ýeter...

10.03.2026 15:29
5.4k+

Hindistanda badminton topunyň şekilinde bina guruldy

Hindistanyň Bhubaneşwar şäherinde «Archohm» arhitektura studiýasy Milli badminton akademiýasynyň binasynyň gurluşygyny tamamlady. Toplum badminton oýnunda esasy gural hökmünde ulanylýan wolana çalymdaş şekilde guruldy...

05.03.2026 22:09
6.9k+

Hindistan Holi baýramyny belleýär: Reňk festiwaly millionlarça adamy özüne çekdi (Foto)

2026-njy ýylyň mart aýynyň başynda Hindistan we dünýädäki induist jemgyýetleri ýazyň gelmegini hem-de ýagşylygyň ýamanlykdan üstün çykmagyny alamatlandyrýan iň şagalaňly we ähmiýetli baýramlaryň biri hasaplanýan Holi baýramyny belleýär...

27.02.2026 00:08
9.6k+

Premýer-ministr Modi Instagram-da 100 milliondan gowrak agzasy bolan ilkinji syýasatçy boldy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi dünýäde Instagram-da 100 million agza görkezijisinden geçen ilkinji syýasatçy boldy. «The Times of India» neşiriniň ýazmagyna görä, dünýä liderleriniň arasynda agzalarynyň sany boýunça ikinji orunda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp durýar...