Dünýäniň birinji raketkasy Iga Swýontek US Open-iň ýeňijisi boldy

  • 11.09.2022 16:20
  • 4058
Dünýäniň birinji raketkasy Iga Swýontek US Open-iň ýeňijisi boldy

Polşaly zenan türgen Iga Swýontek tennis boýunça ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň ýeňijisi boldy. Final oýnunda ol Tunisiň wekili Ons Žaberi utdy. Duşuşyk 6:2, 7:6 (7:5) hasabynda tamamlandy. Bu barada www.mk.ru belleýär.

Swýontek dünýäniň birinji raketkasydyr. Ol karýerasynda üçünji gezek “Uly tuwulga” ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Mundan öň ol 2020-nji we 2022-nji ýyllarda Fransiýanyň Açyk çempionatynyň finalynda ýeňiş gazandy. Belläp geçsek, alty ýylyň dowamynda ilkinji gezek şol bir türgen möwsümde iki gezek “Uly tuwulga” ýaryşlarynda ýeňiji bolmagy başardy. Soňky gezek şeýle netijäni 2016-njy ýylda germaniýaly Angelik Kerber gazanypdy.
Swýontege XXI asyrda iň dowamly ýeňiş tapgyry degişli – bassyr 37 oýun. Türgen şu ýylyň aprel aýyndan bäri Zenanlaryň tennis assosiasiýasynyň reýtinginde birinji orny eýeleýär. Tennisçi WTA-nyň birinji setirine çykan Polşanyň ilkinji wekili boldy.


16.05.2024 14:11
21825

Maýk Taýson 2005-nji ýyldan bäri ilkinji resmi tutluşygyna çykar

21-nji iýulda Arlingtondaky AT&T stadionynda (Tehas ştaty, ABŞ) boks boýunça super agyr agram derejesinde dünýäniň öňki absolýut çempiony Maýk Taýson bilen belli amerikan wideoblogeri Jeýk Poluň arasynda boks duşuşygy...

16.05.2024 10:40
17142

Meýwezeriň indiki garşydaşy yglan edildi

Bir gezek hem ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesindäki öňki dünýä çempiony Floýd Meýwezer-kiçi watandaşy Wiktor Ortiz bilen görkezme söweşinde ringe gaýdyp geler. Bu barada "Çempionat" Salwador Rodrigesiň...

10.05.2024 13:59
2993

Nadal toprak üstündäki “Masters” ýaryşlarynda 200 gezek ýeňiş gazanan ilkinji tennisçi boldy

Ispaniýaly tennisçi, 22 gezek “Uly tuwulga” çempiony Rafael Nadal “Masters” ýaryşlarynda toprak üstünde geçirilen oýunlarda 200 ýeňiş gazanan ilkinji oýunçy boldy. Bu barada “Çempionat” portaly habar berýär. Ýubileý...

06.05.2024 13:35
3416

Formula-1. Gran-pri Maýami: Bu gezek ýeňiji Werstappen däl

“Maklaren” toparynyň britaniýaly ýaryşa gatnaşyjysy Lando Norris “Formula-1” dünýä çempionatynyň altynjy tapgyry bolan Maýaminiň Gran-prisinde ýeňiji boldy. “Red Bull-dan” niderlandly Maks Werstappen pellehana...