Dünýäniň birinji raketkasy Iga Swýontek US Open-iň ýeňijisi boldy

  • 11.09.2022 16:20
  • 4.3k+

Polşaly zenan türgen Iga Swýontek tennis boýunça ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň ýeňijisi boldy. Final oýnunda ol Tunisiň wekili Ons Žaberi utdy. Duşuşyk 6:2, 7:6 (7:5) hasabynda tamamlandy. Bu barada www.mk.ru belleýär.

Swýontek dünýäniň birinji raketkasydyr. Ol karýerasynda üçünji gezek “Uly tuwulga” ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Mundan öň ol 2020-nji we 2022-nji ýyllarda Fransiýanyň Açyk çempionatynyň finalynda ýeňiş gazandy. Belläp geçsek, alty ýylyň dowamynda ilkinji gezek şol bir türgen möwsümde iki gezek “Uly tuwulga” ýaryşlarynda ýeňiji bolmagy başardy. Soňky gezek şeýle netijäni 2016-njy ýylda germaniýaly Angelik Kerber gazanypdy.
Swýontege XXI asyrda iň dowamly ýeňiş tapgyry degişli – bassyr 37 oýun. Türgen şu ýylyň aprel aýyndan bäri Zenanlaryň tennis assosiasiýasynyň reýtinginde birinji orny eýeleýär. Tennisçi WTA-nyň birinji setirine çykan Polşanyň ilkinji wekili boldy.


06.06.2026 11:31
3.1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

01.06.2026 17:02
6.6k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....