Formula-1. Gran-pri Maýami: Bu gezek ýeňiji Werstappen däl

  • 06.05.2024 13:35
  • 3.9k+

“Maklaren” toparynyň britaniýaly ýaryşa gatnaşyjysy Lando Norris “Formula-1” dünýä çempionatynyň altynjy tapgyry bolan Maýaminiň Gran-prisinde ýeňiji boldy.

“Red Bull-dan” niderlandly Maks Werstappen pellehana ikinji bolup geldi. Üçünji orny “Ferrariden” monakoly Şarl Lekler eýeledi.
Norris karýerasynda ilkinji gezek “Formula-1” tapgyrynda ýeňiji boldy. Öň, ol hiç haçan ikinji orundan öňe geçmändi.
Şahsy indeksde Werstappen 136 utuk bilen öňdebaryjylygy saklaýar. Ikinji orny onuň meksikaly topardaşy Serhio Peres (101), üçünji orny Lekler (98) eýeleýär. Konstruktorlaryň kubogynda “Red Bull” öňdebaryjydyr (237). Ikinji we üçünji orunlarda, degişlilikde, “Ferrari”( 189) hem “Maklaren” (124) ýerleşýär.


15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
10k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 14:57
5.6k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....

15.06.2026 10:43
10k+

Sarukýan RAF 10 ýaryşynda Fergýusony ýeňdi, Çimaýewiň söweşi köpçülikleýin uruş bilen tamamlandy

ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Sent-Luis şäherinde geçirilen «RAF 10» göreş ýaryşynda Arman Sarukýan UFC-niň öňki söweşijisi Toni Fergýuson bilen tutluşykda wagtyndan öň ýeňiş gazandy, Hamzat Çimaýew bilen Dillon......