Meýwezeriň indiki garşydaşy yglan edildi

  • 16.05.2024 10:40
  • 20k+

Bir gezek hem ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesindäki öňki dünýä çempiony Floýd Meýwezer-kiçi watandaşy Wiktor Ortiz bilen görkezme söweşinde ringe gaýdyp geler. Bu barada "Çempionat" Salwador Rodrigesiň synçysyna salgylanyp, habar berýär.

Sosial mediada, Rodriges: "Maňa Meýwezeriň 24-nji awgustda Ortize garşy görkezme söweşini yglan edýändigini aýtdylar" -diýdi.

Meýwezer 50 söweşiň hemmesinde, ýekeje-de ýitgisiz, ýeňiş gazanyp (27 nokaut bilen), 2017-nji ýylda karýerasyny tamamlady. 2021-nji ýylyň dowamynda amerikaly halkada 24 çempionlyk titulyny gazandy we 24 sany öňki we hereket edýän çempionlary ýeňdi.
Meýwezeriň Ortiz bilen 2011-nji ýylda halkada görüşendiklerini, bellemek gerek. Şol söweşde, dördünji tapgyryň çekeleşikli böleginde, ol 37 ýaşly boksçyny nokauta iberdi – emin söweşi täzeden başlamak duýduryşyny berenden soň, Meýwezeriň kellesine eden urgusy üçin Ortiz, özüni goraman, ötünç soramaga onuň ýanyna bardy, Meýwezer bolsa bu pursatdan peýdalanmakdan ýüz öwürmedi.


düýn 23:49
788

BoxingScene: Usik indiki tutluşygyny Deonteý Waýlder bilen geçirer

Agyr agram derejesinde öňki absolýut dünýä çempiony Aleksandr Usigiň indiki garşydaşy WBC wersiýasy boýunça dünýäniň öňki çempiony Deonteý Waýlder bolup biler. Bu barada «BoxingScene» neşiri promouter Eddi......

düýn 23:41
1.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

27.06.2026 14:53
9.4k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....