Britaniýanyň täze premýer-ministri Liz Trass bolar

  • 06.09.2022 13:15
  • 8.6k+
Britaniýanyň täze premýer-ministri Liz Trass bolar

Beýik Britaniýanyň DIM-niň başlygy Liz Trass dolandyryjy Konserwatiw partiýanyň lideri wezipesi üçin göreşde ýeňiş gazandy. Bu barada içerki partiýa ses berişliginiň netijesi boýunça mälim edildi diýip, TASS habar berýär.

47 ýaşly Trassyň kandidaturasy üçin Konserwariw partiýanyň 81 326 adaty agzasy ses berdi. Onuň garşydaşy 42 ýaşly öňki maliýe ministri Rişi Sunak 60 399 ses aldy. Şeýlelik bilen, dolandyryjy partiýanyň lideri hökmünde Trass 6-njy sentýabrda premýer-ministr wezipesinde Boris Jonsonyň ornuny çalşyryp, hökümetiň täze düzümini bellär.
Trass Beýik Britaniýanyň 56-njy premýer-ministri (ýa-da bu wezipäni bir gezekden köp eýelänleri göz öňünde tutanyňda 78-nji) we şa aýaly Ýelizaweta II-niň dolandyrýan döwründe 15-nji premýer-ministr bolar. Şeýle-de, ol Margaret Tetçerden (1979-njy ýyldan 1990-njy ýyl aralygynda Ministrler Kabinetine ýolbaşçylyk etdi) we Tereza Meýden (2016-njy ýyldan 2019-njy ýyl aralygy) soň Ministrler Kabinetine ýolbaşçylyk eden üçünji aýal bolar.
Onuň Aly Hezretleriniň hökümetiniň wezipesinde resmi tassyklanmagy sişenbe güni monarh bilen audiensiýada bolar. Premýer-ministr ilkinji gezek Londondaky Bukingem köşgünde däl-de, Şotlandiýadaky Balmoral galasynda belleniler, bu ýerde, adatça, Ýelizaweta II tomsuň ikinji ýarymyny we sentýabryň başyny geçirýär.


10.09.2024 13:26
1.8k+

Türkmenistan Britaniýa bilen ekologiýa we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşýar

9-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň Sebitleýin ösüş boýunça direktory Sara Kuper bilen duşuşdy...

27.07.2024 12:54
8k+

Beýik Britaniýanyň şa maşgalasynyň girdejisi 1,1 mlrd funt sterlinge çenli ýokarlandy

Karl III-niň şa emläkleri geçen ýyl 1,1 mlrd funt sterlinge çenli ýokarlandy. Bu barada Britaniýanyň şa maşgalasy tarapyndan hödürlenen maliýe hasabatyna salgylanyp, BBC News habar berýär. Girdejileriň artmagy...

26.07.2024 07:53
2.5k+

Britaniýada Uelsiň hökümet baştutany hökmünde ilkinji gezek aýal saýlandy

Baronessa Eluned Morgan Uelsiň Leýboristik partiýasynyň täze lideri hökmünde saýlandy we şonuň esasynda Birleşen Korollygyň bu administratiw-syýasy böleginiň birinji ministri bolar. Muny partiýanyň içinde geçirilen...

23.07.2024 14:53
6.7k+

Beýik Britaniýa Ýewropada ilkinji bolup emeli etiň satylmagyna rugsat berdi

Beýik Britaniýa Ýewropada laboratoriýa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilen emeli etiň satylmagyna rugsat beren ilkinji ýurt boldy. Häzirlikçe şeýle eti diňe haýwanlaryň iýmitinde ulanyp bolýar diýip, Financial Times...