Türkiýede ilatyň 85 göterimi internetden peýdalanýar

  • 31.08.2022 18:27
  • 5.1k+

Türkiýede adamlaryň 16 — 74 ýaş toparlary aralygynda interneti ulanmagyň derejesi 85 göterime ýetdi. Bu barada 2022-nji ýylda öý hojalyk işlerinde maglumat tehnologiýalaryny ulanyjylar boýunça geçirilen gözegçiliklere salgylanyp, Türkiýäniň Statistika instituty käbir maglumatlary ýetirýär.

Trend.az-yň “Anadolu” agentligine salgylanyp berýän habaryna görä, barlaglaryň netijesi boýunça ýurtda 2021-nji ýylda 16 — 74 ýaş aralygyndaky ýaş toparlarynda internet ulanmagyň derejesi 82,6 göterime ýetipdir. Şu ýylda bolsa agzalan ýaş aralygyndaky erkekleriň bu ugurdaky görkezijisi 89,1, zenanlaryňky bolsa 80,9 göterime deň bolupdyr. Tutuş ýurt boýunça internetli öý hojalyklarynyň paýy 94,1 göterime ýetdi. Ol geçen ýylda 92 göterime deň bolupdy.
Öý hojalyklarynyň arasynda internete iň ýokary derejedäki elýeterlilik Stambulda hasaba alnyp, ol 98,7 göterime ýetýär. Günbatar Anatoliýanyň sebitleri bolan Ankara, Konýa, Karaman şäherleri bolsa bu babatda 98,3 göterim derejäni saklaýar.


16.04.2026 10:30
3.6k+

Türkiýe 2040-njy ýyla çenli temmäkini doly gadagan etmegi meýilleşdirýär

Türkiýe hökümeti çilim çekmäge garşy göreşi tapgyrlaýyn güýçlendirip, 2040-njy ýyla çenli ýurtda temmäki önümleriniň söwdasyny doly togtatmagy göz öňünde tutýan täze kanun taslamasyny taýýarlaýar. Yeni Şafak......

14.04.2026 07:16
6.9k+

Arheologlar Türkiýede 5000 ýyl ozal sadaka aýdylan çörek tapdylar

Irki bürünç eýýamynyň adamlary düzümi örän çylşyrymly çörekleri bişirip, olary dini dessurlarda ulanypdyrlar diýip, PLOS One žurnaly habar berýär....

03.04.2026 20:20
7.3k+

Saharadan gelen gyzgylt ümür Türkiýäniň günorta kenaryny gurşap aldy

Afrikadan gelen çäge tozany Türkiýäniň günorta sebitlerine-de baryp ýetdi. Bu tebigy hadysa sebäpli asman adaty bolmadyk mämişi reňke bürendi we birnäçe şäherlerde aralyklary görmek kynlaşdy diýip, Anadolu......

23.03.2026 16:47
7.2k+

«Göribiň gözi çyksyn!»: Türkiýedäki 1500 ýyllyk mozaikadan şeýle ýazgy tapyldy

Türkiýäniň Ortaýer deňziniň kenaryndaky gadymy Siedra şäherinde arheologlar takmynan 1500 ýyllyk, gowy saklanan we gadymy grek dilinde degişmeli ýazgylar ýazylan mozaikany tapdylar. Onuň ýüzünde «Göribiň gözi çyksyn...