BSGG: dünýäde COVID hadysasy we ölüm derejesi peseldi

BSGG: dünýäde COVID hadysasy we ölüm derejesi peseldi

Dünýäde COVID-19 koronawirusy bilen keselleme hadysasy bir hepdäniň dowamynda 9%, ölüm derejesi 15% azaldy diýlip, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň hepdelik epidemiologiki býulleteninde aýdylýar. Bu barada interfax.ru habar berýär.

15-nji awgustdan 21-nji awgust aralygynda koronawirus bilen keselleme alty sebitde-de peseldi, Afrikada (25%), Ýewropada (20%) we Amerikada (18%) bu görkeziji hasam ýokary boldy.
Şol bir wagtyň özünde, käbir ýurtlar COVID-19 üçin barlag strategiýalaryny üýtgetdi, netijede indi az barlag tabşyrylýar, şoňa görä-de, kesel hadysasy-da az hasaba alynýar.
Bir hepdede tutuş dünýä boýunça 5,3 milliondan gowrak täze kesel hadysasy hasaba alyndy. Koronawirusdan ölüm sany Afrikadan we Ýuwaş ummanyň günbatar böleginden galan ähli sebitlerde azaldy, bellenen ýerlerde bolsa ol, degişlilikde, 183% we 8% ýokarlandy. Beýleki sebitlerde ölüm derejesiniň peselendigi hasaba alyndy, Ýewropada ol 30% peseldi.
Umuman, bir hepdede dünýäde COVID-19 bilen bagly 14 müň ölüm hasaba alyndy.