Aşgabatda saglyk ugurly käbir merkezleriň täze binalary gurlar

  • 24.08.2022 12:41
  • 12k+

23-nji awgustda Aşgabatdaky iri gurluşyklardaky işleriň ýagdaýy bilen tanşan mahalynda Prezident Serdar Berdimuhamedow S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň täze, döwrebap binalar toplumyny, şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýanyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezini gurmaga degişli tabşyryklary berdi hem-de degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Habar berlişi ýaly, geljekde bu merkezler Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň binýadynda bolup, olarda kafedralary ýerleşdirmek, talyplara bilim bermek we lukmanlaryň diplomdan soňky kämilleşdiriş okuwlaryny guramak, tejribe okuwlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de bu ýerde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürlener.


düýn 12:32
4.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.5k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......