Usik Joşuany rewanşda ýeňip, dünýä çempiony titullaryny saklady

  • 21.08.2022 10:41
  • 24k+

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik britaniýaly Entoni Joşuany ýeňip, super agyr agramda Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA Super), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we Halkara boks guramasynyň (IBO) wersiýalaryna görä dünýä çempiony titullaryny gorady. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär.

Rewanş söweşi Jiddada (Saud Arabystany) geçirildi. 12 raundyň netijesi boýunça, Usik emin agzalarynyň tapawutly karary bilen ýeňiş gazandy.
Geçen ýylyň sentýabr aýynda Usik titul söweşinde Joşuany emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen ýeňdi.
Ýeňilmedik 35 ýaşly ukrainaly boksçynyň hasabynda professional ringde 20 ýeňiş (13 – nokaut bilen) bar. 32 ýaşly Joşua 24 söweşde ýeňiş gazanyp (22 – nokaut bilen), üç gezek ýeňildi. WBC-niň wersiýasy boýunça agyr agramda çempion guşagynyň eýesi britaniýaly Taýson Fýuridir.


düýn 23:49
2k+

BoxingScene: Usik indiki tutluşygyny Deonteý Waýlder bilen geçirer

Agyr agram derejesinde öňki absolýut dünýä çempiony Aleksandr Usigiň indiki garşydaşy WBC wersiýasy boýunça dünýäniň öňki çempiony Deonteý Waýlder bolup biler. Bu barada «BoxingScene» neşiri promouter Eddi......

27.06.2026 14:53
9.6k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.7k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......