BSGG maýmyn mamasynyň iki görnüşine täze at berdi

BSGG maýmyn mamasynyň iki görnüşine täze at berdi

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy maýmyn mamasy keseline täze at bermek isleýär. Indi wirusyň görnüşleri rim sifrleri bilen aňladylar. Bu barada BSGG-niň resmi saýtyndaky maglumatlardan belli boldy diýip, centralasia.media belleýär.

Öň Kongo derýasynyň basseýniniň keseli (Merkezi Afrika) hökmünde belli bolan bu keseliň görnüşi indi “klada bir ýa-da I” görnüşinde belli bolar. Günbatar Afrikadaky bir görnüş “klada iki ýa-da II” görnüşinde belli bolar.
Degişli karary halkara guramasynyň hünärmenleri kabul etdi. Şunuň bilen baglylykda, maýmyn mamasynyň görnüşleri jemgyýetçiligiň arasynda Afrikanyň sebitleri bilen baglanyşmagyny bes eder. 
Ilkinji gezek “maýmyn mamasy” ady 1958-nji ýylda, Daniýada tejribe edilýän maýmynlarda mama meňzeş kesel ýüze çykarylanda ulanyldy. 
Häzirki wagtda tutuş dünýäde maýmyn mamasynyň 27 müňden gowrak hadysasy hasaba alyndy, olaryň aglabasy Afrikanyň çäginden daşary ýüze çykdy.