Serdar Berdimuhamedow ilkinji gezek dabaraly harby-deňiz ýörişini synlady

  • 11.08.2022 09:01
  • 30k+

10-njy awgustda Balkan welaýatynda zähmet rugsadynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow günbatar sebitde ýerleşýän Harby-Deňiz Güýçleriniň “Garşy” deňiz birikmesinde “Deňiz han” atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyşlykdan soňra, dabaraly harby-deňiz ýörişini synlady.

Onda Harby-Deňiz Güýçleriniň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň dürli kysymly gämileri, söweşjeň katerleri hem-de gaýyklary görkezildi. Olar ýurdumyzyň umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan deňiz çäkleriniň howpsuzlygyny hem-de eldegrilmesizligini üpjün etmek ugrunda eserdeň durýarlar.

Dabaraly ýörişi “Arkadag” atly serhet gorag kateri açýar, ol Watanymyzyň deňiz serhetlerini goramakda özüniň ygtybarlylygyny görkezdi. Onuň yzy bilen döwletimiziň deňiz serhetlerini ygtybarly goramaga niýetlenen “Edermen” we “Gaýratly” raketa gämileri geçýärler. Soňra Harby-Deňiz Güýçleriniň “Eserdeň” atly 60 metr ululykdaky tirkeg-üpjünçilik gämisi geçdi. Dabaraly ýörişi dürli kysymly gorag gämileri dowam etdiler. Olaryň hatarynda “Galkan” taslamaly “Algyr” we “Hanjar” gorag gämileri, “Asuda”, “Mergen”, “Hüşgär” we “Synmaz” serhet gorag gämileri, şeýle hem Döwlet serhet gullugynyň garamagyndaky “Sakçy” taslamaly “Naýza”, “Kämil”, “Galjaň” we “Gaplaň” gämileri bar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ýörişiň dowamynda “Umman” gidrografik gämisi görkezildi, ol Hazar deňziniň türkmen böleginde gämileriň ýüzüşiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin deňizde gidrografik we okeanografik işleri geçirmek üçin niýetlenendir...

Prezident Serdar Berdimuhamedow milli deňiz flotunyň Hazar deňzinde geçirilen dabaraly ýörişiniň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, döwletimiziň geljekde-de Harby-Deňiz Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, harby deňizçileriň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň ygtybarly goragynyň we eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegine aýratyn üns berjekdigini belledi. 


şu gün 00:06
8.1k+

«Galkynyş» känini özleşdirmegiň täze tapgyry müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer

«Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyry ýurduň önümçilik infrastrukturasyny we eksport mümkinçiliklerini düýpli giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň......

düýn 23:49
6.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Din Sýuesýan «Galkynyş» känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berdi

17-nji aprelde Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça işlere badalga bermek dabarasy boldy. Çärä Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy......

düýn 16:36
10k+

«Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi

Türkmenistanyň Mary welaýatynda ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň täze tapgyry başlandy. Şu gün irden geçirilen dabaraly çäre barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär....

düýn 16:26
5.6k+

«Türkmengaz» döwlet konserni we CNPC täze gaz desgalarynyň gurluşygy barada ylalaşyga gol çekdi

16-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada TDH habar berýär....