«Bawariýa» 10-njy gezek Germaniýanyň Superkubogyny gazandy

  • 31.07.2022 15:58
  • 9.1k+

Mýunheniň «Bawariýa» futbol kluby «Leýpsig» klubuny ýeňip, Germaniýanyň Superkubogyny gazandy.

Leýpsigde geçirilen duşuşyk mynmanlaryň hasabyna 5:3 hasabynda tamamlandy. «Bawariýanyň düzüminde gollary Jamal Musiala (14-nji minut), Sadio Mane (31, täze klubuň düzüminde resmi duşuşyklarda ilkinji goly), Benjamen Pawar (45), Serž Gnabri (66) we Leroý Sane (90+8) geçirdi. Ýer eýelerinden Marsel Halstenberg (60), Kristofer Nkunku (77, pen.) we Dani Olmo (89) tapawutlandy.
«Bawariýanyň» futbolçylary Germaniýanyň Superkubogyny 10-njy gezek eýelemegi başardylar. Bu rekord görkezijidir.


şu gün 09:53
5.2k+

KHBS: FIFA Argentinany 2026-njy ýylyň dünýa çempionatyndan çetleşdirip biler

Argentinanyň milli futbol ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylyp bilner. Bolup biljek sanksiýanyň sebäbi Argentinanyň futbol assosiasiýasynyň (AFA) ýolbaşçylygy bilen baglylykda alnyp barylýan korrupsiýa garşy derňew işleri boldy diýip, ýerli La Nacion neşiri habar berýär...

düýn 17:21
6.4k+

Mbappe dünýäniň iň gymmat oýunçylarynyň sanawynda Ýamal we Holand bilen deňleşdi

Madridiň “Realynyň” we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. Bu “Transfermarkt” portaly tarapyndan Ispaniýanyň çempionatynyň oýunçylarynyň bazar bahasy boýunça täzelenen maglumatlardan gelip çykýar...

14.12.2025 10:46
19k+

Messi bilen duşuşygyň guramaçylygynyň pes bolmagy Hindistanda janköýerleriň nägileligine getirdi

Lionel Messiniň täjirçilik saparynyň çäklerinde Hindistanyň Kalkutta şäherindäki Vivekananda Yuvabharati Salt Lake stadionyna barmagynyň dowamlylygynyň gysga wagtlyk bolmagy, onlarça müň futbol janköýerleriniň tertipsizlik döretmegine getirdi...

13.12.2025 17:42
15k+

Hindistanda Messiniň uly ýadygärligi açylar: dabara futbolçynyň özi gatnaşar

Şenbe güni Kalkuttada (Hindistan) futbolçy Lionel Messi öz şanyna gurlan 20 metrlik ýadygärligi açar diýip, Bi-bi-si habar berýär. Hindistan boýunça üç günlük saparyň dowamynda argentinaly futbolçy «Inter Maýamidäki» klubdaşlary Luis Suares we Rodrigo De Paul bilen bilelikde Haýdarabada, Mumbaýa we Delä barar...