Usman Nurmagomedow Bellatoryň reýtinginde birinji ýere çykdy

  • 28.07.2022 12:29
  • 40k+

Garyşyk başa-baş söweşiň russiýaly meşhur pälwany Usman Nurmagomedow Bellator-yň ýeňil agram derejesindäki reýtinginde birinji ýere çykdy.

Habib Nurmagomedowyň doganoglanynyň hasabynda 15 professional tutluşykda gazanan 15 ýeňşi bar, Bellator-da bolsa ol dört tutluşygy geçirdi. 
23-nji iýula geçilýän gije geçen Bellator 283 turnirinde Usmanyň birinji tapgyrda demikdiriji emeli (gilotini) ulanyp, ABŞ-nyň wekili Kristofer Gonsalesden üstün çykandygyny ýatladýarys. Tutluşykdan soň ol Bellator-yň ýeňil agramdaky häzirki çempiony braziliýaly türgen Patrik Freýräni söweşe çagyrdy. 


düýn 12:48
3.4k+

Getji UFC-niň ýeňil agramly iň gowy söweşijileriniň reýtinginde Sarukýandan öňe geçdi

Amerikaly Jastin Getji ýeňil agramda UFC-niň iň gowy söweşijileriniň reýtinginde birinji orny eýeläp, Arman Sarukýany ikinji orna düşürdi. Bu barada promouşeniň resmi saýty habar berýär. Sanawdaky üýtgeşmeler Las-Wegasda geçirilen UFC 324 ýaryşyndan soň bolup geçdi...

25.01.2026 23:37
8.1k+

Indi bolsa gonorarlary hasaplalyň: UFC 324-de kim näçe gazandy?

25-nji ýanwar irden Las-Wegasdaky (ABŞ) "T-Mobile Arena-da" UFC 324 ýaryşy geçdi. Bu ýaryş liganyň şu ýyldaky ilkinji çäresi we Paramount bilen baglaşylan täze şertnamanyň çägindäki ilkinji waka boldy. Ýaryşyň netijeleri boýunça "Sporty Salaries" neşiri söweşijileriň alan gonorarlary baradaky maglumatlary çap etdi...

25.01.2026 14:07
9.3k+

UFC 324-üň netijeleri: Şon O’Melliniň we Umar Nurmagomedowyň ýeňişleri

25-nji ýanwarda irden Las-Wegasda (ABŞ) UFC-niň şu ýylda ilkinji ýaryşy UFC 324 geçirildi. Agşamyň esasy tutluşygynda amerikaly Jastin Getji britaniýaly Peddi Pimblett bilen söweşde ýeňil agramda wagtlaýyn çempionlyk guşagyny gazandy...

25.01.2026 13:22
5.8k+

Getji UFC 324-de Pimblettden üstün çykyp, guramanyň wagtlaýyn çempiony boldy

25-nji ýanwarda irden Las-Wegasda (ABŞ) UFC 324 ýaryşy geçirildi. 2026-njy ýylda guramanyň ilkinji söweş agşamynyň esasy wakasy amerikaly Jastin Getji bilen britaniýaly Peddi Pimblettiň arasynda ýeňil agramda wagtlaýyn çempionlyk guşagy üçin söweş boldy...