Usman Nurmagomedow Bellatoryň reýtinginde birinji ýere çykdy

  • 28.07.2022 12:29
  • 40k+

Garyşyk başa-baş söweşiň russiýaly meşhur pälwany Usman Nurmagomedow Bellator-yň ýeňil agram derejesindäki reýtinginde birinji ýere çykdy.

Habib Nurmagomedowyň doganoglanynyň hasabynda 15 professional tutluşykda gazanan 15 ýeňşi bar, Bellator-da bolsa ol dört tutluşygy geçirdi. 
23-nji iýula geçilýän gije geçen Bellator 283 turnirinde Usmanyň birinji tapgyrda demikdiriji emeli (gilotini) ulanyp, ABŞ-nyň wekili Kristofer Gonsalesden üstün çykandygyny ýatladýarys. Tutluşykdan soň ol Bellator-yň ýeňil agramdaky häzirki çempiony braziliýaly türgen Patrik Freýräni söweşe çagyrdy. 


17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

13.03.2026 12:13
9.2k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...

11.03.2026 18:54
9k+

Oliweýra UFC-niň iň gowy söweşijileriniň P4P reýtingine gaýdyp geldi, Sarukýan çykdy

Braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra agram derejesine garamazdan (pound-for-pound) UFC-niň iň gowy 15 söweşijisiniň sanawyna gaýdyp geldi. Reýtingdäki bu üýtgeşme Oliweýra UFC 326 ýaryşynda Maks Holloweýi ýeňip, BMF guşagyny gazanandan soň bolup geçdi...

10.03.2026 12:23
16k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedro bilen urşar

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast şäherindäki «SSE Arena» arenasynda geçiriljek PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro bilen duşuşar...