Türkmenistanda 2020-nji ýylda edilen işleriň ýyl ýazgysy çapdan çykdy

  • 27.07.2022 18:50
  • 8.6k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan taýýarlanylan «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabyň 14-nji tomy çapdan çykdy. Neşirde türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlaryny şöhlelendirýän 2020-nji ýylyň has möhüm materiallarydyr makalalary ýygnalyp, olarda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, durmuş, ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler öz beýanyny tapdy.

Kitapdaky işlerde, şol sanda statistiki maglumatlarda durmuş-ykdysady ösüşiň ähli ugurlarynda gazanylan hem-de Watanymyzy täze sepgitlere tarap alyp barýan köpugurly üstünlikler şöhlelendirilýär. Neşiriň sahypalarynda Watanymyzyň durmuşynda bolup geçen milli we halkara ähmiýetli esasy wakalar öz beýanyny tapýar.
Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň ýyl ýazgylary ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan gününiň 25 ýyllygynyň şanly senesi ýaly möhüm syýasy waka bilen dabaralandy. 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahat ýylyň esasy çäreleriniň biri boldy. Neşiriň materiallarynda 25-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi öz beýanyny tapdy. Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemleri boýunça halkyň wekilleri tarapyndan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanun kabul edildi. Bu hukuk resminamasyna laýyklykda, iki palatadan — Mejlisden we Halk Maslahatyndan ybarat bolan milli parlamentiň — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň hil taýdan täze gurluşy döredildi.
Dürli forumlar, duşuşyklar baradaky materiallar oňyn Bitaraplyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli, netijeli daşary syýasatymyzyň ynsanperwer ugurlydygyna şaýatlyk edýär. Bu forumlaryň we duşuşyklaryň çäklerinde ählumumy meseleleri çözmek boýunça netijeli başlangyçlar beýan edildi.
«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitapda ýerleşdirilen materiallar nazary we tejribe taýdan gymmatly bolup, olar taryhçylar, syýasatşynaslar, jemgyýeti öwrenijiler üçin Türkmenistanyň häzirki zaman ideologiýasynyň, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň, milli maksatnamalaryň ähmiýetiniň mazmunyny we manysyny beýan edýän möhüm ylmy-resmi hem-de maglumat çeşmelerine öwrüler.


düýn 22:16
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň başlyklary ikitaraplaýyn meseleleri maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadegiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik......

düýn 21:24
432

Türkmen wekiliýeti Bangkokda geçirilýän UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşýar

Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ştab-kwartirasy bolan BMG-niň Maslahatlar merkezinde ESCAP-yň......

düýn 09:32
1.7k+

Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bäşinji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 17-18-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Antalýada «Geljegi meýilleşdirmek,......

düýn 08:00
10k+

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleriniň öňünde birnäçe wezipeleri goýdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde......