Iş maslahaty: sebitlerdäki işleriň barşyna syn berildi

  • 26.07.2022 13:23
  • 19k+

25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy, Oba milli maksatnamasynda bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutany, ilki bilen, sebitleriň ýolbaşçylarynyň şu günler welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaýdan boşan meýdanlary ekişe taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler baradaky hasabatlaryny diňledi.

Soňra wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, aýratyn-da, ýetişdirilen bugdaý hasylyny saklamak, orakdan boşan meýdanlarda sürüm we tekizlemek işlerini geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilýär, ösüş suwy tutulýar. Şunda gowaça ekilen meýdanlarda kesellere we zyýankeşlere garşy göreş çäreleri degişli derejede ýola goýulýar. Şol bir wagtyň özünde pagta ýygymyna taýýarlygyň çäklerinde pagta arassalaýjy kärhanalary we pagta kabul ediş harmanhanalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Şeýle-de wise-premýer döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we suw üpjünçiligi boýunça işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ilkinji nobatdaky talapdygyny aýdyp, olaryň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işlerde möhüm orun eýeleýändigini nygtady.


11.06.2026 22:20
5.9k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.1k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....