BSGG koronawirusa garşy iki walentli sanjymyň güýzde elýeterli boljakdygyny habar berdi

  • 20.07.2022 15:05
  • 17k+

Koronawirusa garşy iki walentli sanjymyň önümçiligi 2022-nji ýylyň güýzünde başlar. Bu barada Žinių radijas radiostansiýasynyň ýaýlymynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebiti boýunça wekili Witýanis Andrýukaýtis aýtdy diýip, TASS habar berýär

“Umumy epidemiki ýagdaý begendiriji däl, şonuň üçin hüşgär bolmak gerek. Koronawirusa garşy iki walentli sanjym ýokanç we onuň mutasiýalary bilen göreşmekde kömek eder diýip umyt edýäris. Derman serişdesi güýzde ulanmaga taýýar bolmaly” – diýip, ol aýtdy.

Andrýukaýtisiň aýtmagyna görä, farmokologiki kompaniýalaryň habaryna görä, iki walentli sanjymyň üstündäki işler tamamlanyp barýar. “Birnäçe öndüriji ähli zatlaryň köpçülikleýin önümçiligiň başlamagyna taýýardygyny nygtaýar” – diýip, BSGG-niň wekili belledi.
Iki walentli sanjymyň artykmaçlygy, lukmanlaryň nygtamagyna görä, hem başlangyç ýokançdan, hem onuň mutasiýa ştammlaryndan goraýandygyndan ybaratdyr. 


08.06.2026 07:29
3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

18.05.2026 14:46
5k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

10.05.2026 18:46
4.3k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

06.05.2026 16:42
5.3k+

BSGG Atlantik ummanyndaky kruiz laýnerinde hantawirusyň ýüze çykandygyny habar berdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kabo-Werdeniň kenarlarynyň golaýynda ýerleşýän «Hondius» kruiz laýnerinde hantawirus hadysalarynyň ýüze çykandygyny habar berdi....