Opel Insignia ýylyň ahyryna çenli önümçilikden aýrylar

  • 19.07.2022 18:32
  • 18k+

Üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli Opel kompaniýasy Insignia-lar modelini öndürmegini bes eder. Automobilvoche neşiriniň çeşmeleri bu ýagdaýy «önümçilikden möhletinden öň aýyrmak» diýip atlandyrýarlar. Opel kompaniýasy Insignia-nyň oruntutaryny bazara 2024-nji ýylda çykarar.

Opel-iň Insignia-ny ýygnamagy bes etmegini, ilkinji nobatda, onuň Rýusselshaýmdaky zawodynyň önümçilik kuwwatyny boşatmak isleýändigi bilen baglanyşdyrýarlar. Opel bu ýerde Astranyň islegli neslini we onuň DS4 platformadaşyny ýygnamagy ýola goýar.
Insignia-ny çalyşmagyň zerurdygynyň ýene bir sebäbi — bu modeli elektrofikasiýalaşdyryp bolmaýar. Onuň platformasy Insignia-ny elektromobile öwürmäge mümkinçilik bermeýär. Kompaniýa öňem öz hatarlaryny doly elektrifisirlemäge çalyşýandygyny telim gezek mälim edipdi.
Has öňräkki habarlara görä, Opel eýýäm 2024-nji ýylda, her nämede bolsa, öz her tapgyr modeliniň elektrifisirlenen görnüşini hödürlemäge hyýallanýar. Şol wagta çenli Insignia-nyň oruntutary hem bazara çykar diýip neşir çaklaýar.


09.07.2025 13:38
3.8k+

Hereketlendirijisindäki näsazlyk zerarly milliona golaý Peugeot, Citroen we Opel ulaglary yzyna ýygnalýar

Stellantis konserni BlueHDi dizel hereketlendirijilerinde gaz paýlaýjy mehanizm zynjyrynyň wagtyndan öň könelýändigi sebäpli Ýewropada awtoulaglary köpçülikleýin yzyna çagyrmak kampaniýasyny başlatdy. Hyzmat kampaniýasy 2017-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2023-nji ýylyň ýanwaryna çenli öndürilen alty brende - Peugeot, Citroen, Opel, Vauxhall, DS we Fiat modellerine degişli...

23.06.2025 13:20
2.3k+

Stellantis tormoz bilen bagly mesele sebäpli Peugeot, Citroen, DS we Opel modellerini yzyna çagyrýar

Stellantis kompaniýalar topary tormoz ulgamyndaky näsazlyk sebäpli birnäçe Peugeot, Citroen, DS we Opel modelleriniň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Mesele elektron tormoz dolandyryşy (EBS) ulgamyndaky alýumin klapan blogy bilen baglanyşykly...

01.05.2025 13:01
2.9k+

Opel "Corsa" modeliniň millionynjy nusgasyny çykardy

Opel häzirki nesil «Corsa» modeliniň millionynjy nusgasynyň çykarylyşyny dabaraly ýagdaýda belledi. Metbugat beýannamasyna görä, dabaraly çäreler kompaniýanyň Rýusselshaým şäherindäki (Germaniýa) baş edarasynda we awtoulagyň ýygnalýan ýeri bolan Saragosa şäherindäki (Ispaniýa) zawodda geçirildi...

29.03.2025 16:29
14k+

Opel Astra modellerine mehanika karobka gaýdyp gelýär

Opel awtoulag öndürijisi «Astra» model hataryna mehanika karobkany ýene goşdy. Indi «Astra Hatchback» we «Sports Tourer» modellerini 6 basgançakly mekanika karobka bilen satyn almak mümkin. Ýöne bu karobka diňe...