Opel Insignia ýylyň ahyryna çenli önümçilikden aýrylar

  • 19.07.2022 18:32
  • 18k+

Üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli Opel kompaniýasy Insignia-lar modelini öndürmegini bes eder. Automobilvoche neşiriniň çeşmeleri bu ýagdaýy «önümçilikden möhletinden öň aýyrmak» diýip atlandyrýarlar. Opel kompaniýasy Insignia-nyň oruntutaryny bazara 2024-nji ýylda çykarar.

Opel-iň Insignia-ny ýygnamagy bes etmegini, ilkinji nobatda, onuň Rýusselshaýmdaky zawodynyň önümçilik kuwwatyny boşatmak isleýändigi bilen baglanyşdyrýarlar. Opel bu ýerde Astranyň islegli neslini we onuň DS4 platformadaşyny ýygnamagy ýola goýar.
Insignia-ny çalyşmagyň zerurdygynyň ýene bir sebäbi — bu modeli elektrofikasiýalaşdyryp bolmaýar. Onuň platformasy Insignia-ny elektromobile öwürmäge mümkinçilik bermeýär. Kompaniýa öňem öz hatarlaryny doly elektrifisirlemäge çalyşýandygyny telim gezek mälim edipdi.
Has öňräkki habarlara görä, Opel eýýäm 2024-nji ýylda, her nämede bolsa, öz her tapgyr modeliniň elektrifisirlenen görnüşini hödürlemäge hyýallanýar. Şol wagta çenli Insignia-nyň oruntutary hem bazara çykar diýip neşir çaklaýar.


14.04.2026 14:41
1.7k+

Stellantis täze Opel we Alfa Romeo modellerini işläp düzmegi hytaýlylara tabşyrar

Stellantis konserni Opel we Alfa Romeo markalarynyň täze elektromobillerini işläp düzmek boýunça Hytaýyň Leapmotor kompaniýasy bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Reuters agentligi pudakdaky çeşmelerine......

12.12.2025 16:45
9.3k+

Täze Opel Astra üýtgeşik dizaýna we has ösen tehnologiýalara eýe boldy

Täzelenen Open Astra-nyň global premýerasy soňky dört ýylda modeliň ilkinji uly täzelenmesi boldy. Dizaýnerler modeliň umumy durkuny saklady, ýöne öň bölegi düýpli üýtgedildi. Opel Vizor ulgamy has giň LED elementlerine we yşyk bilen ýanýan Opel Blitz logotipine eýe boldy...

09.10.2025 18:18
9.8k+

2025-nji ýylyň iň ygtybarly we meseleli awtomobilleri belli boldy

WhatCar awtožurnalynyň hünärmenleri awtomobilleriň ygtybarlylygy boýunça 2025-nji ýylyň reýtingini düzdi. Pikir soraşma 32 000 ulag eýesi gatnaşdy. Olar iki ýyl bäri ulanylyp gelinýän ulaglarynda ýüze çykan döwükler we näsazlyklar barada gürrüň berdi...

27.09.2025 19:12
10k+

Opel Grandland-e çyralar arkaly pyýadalar bilen "dil tapyşmany" öwretdiler

Stellantis konserni Opel Grandland krossoweriniň täze nusgasyny tanyşdyrdy. Ol pyýadalar we ýol hereketine gatnaşýan beýleki adamlar bilen ýagtylyk arkaly aragatnaşyk saklap bilýär. Ulag üçünji derejeli «awtopilot» ulgamy, kameralar we ýagdaýy seljerip, ýol hereketindäki «meýilleri çaklaýan» emeli aň bilen enjamlaşdyryldy...