Mahaçew oktýabrda UFC-niň çempion guşagy üçin Oliweýra bilen söweşer

  • 19.07.2022 07:46
  • 21k+

Russiýaly Islam Mahaçew ýeňil agramda Absolýut söweş çempionatynyň tituly ugrunda braziliýaly Çarlz Oliweýra bilen söweşer. Bu barada UFC-niň resmi Telegram kanalynda habar berilýär diýip, RIA Nowosti belleýär. 

Söweş 2022-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Abu-Dabide UFC 280 turnirinde geçiriler.
Maý aýynda braziliýaly söweşiji titul söweşinden öň agrama laýyk gelmändigi sebäpli, ýeňil agramda tituly ýitirdi.  
Mahaçew 30 ýaşynda, onuň hasabynda garyşyk başa-baş söweşde 22 ýeňiş we bir ýeňliş bar. Oliweýra 32 ýaşynda, ol 33 gezek ýeňiş gazandy we sekiz gezek ýeňildi. Häzirki wagtda Mahaçew bilen Oliweýra, degişlilikde, bassyr 10 we 11 ýeňişden ybarat tapgyry alyp barýar.   


26.06.2026 23:43
7.6k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......