Serdar Berdimuhamedow Özbegistanda Hormatly myhmanlar seýilgähinde nahal oturtdy

  • 15.07.2022 09:23
  • 20k+

Özbegistana döwlet saparynyň birinji gününiň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow, asylly däbe görä, Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda «Kuksaroý» döwlet kabulhanasynyň çäginde ýerleşýän Hormatly myhmanlar seýilgähinde nahal oturtdy.

Hakyky dostlugyň nyşanyna öwrülen hut ajaýyp seýilgähde Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana amala aşyran saparynyň barşynda eken bagynyň eýýäm boý alyp oturandygyny bellemek gerek. Häzirki wagtda bu bag ösüp, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny, okgunly ösýändigini alamatlandyrýar. Bag nahalyny ekmek iki halkyň hem ajaýyp däbidir. Häzirki wagtda-da bu däp üstünlikli dowam etdirilýär.


düýn 16:30
3.8k+

Serdar Berdimuhamedow Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Gyrgyz Respublikasy Siziň öňdengörüjilikli, ynamly...

düýn 16:27
1.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Stubba we ýurduň ähli halkyna Finlýandiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi...

düýn 10:41
4.5k+

Daşary ýurt neşirleri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy barada çykyş etdiler

«Business Сentral Asia» halkara žurnaly Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde çap edilýän hem-de Aziýa sebitinde, sebitiň çäklerinden alyslarda ýaýradylýan «Business Сentral Asia» halkara žurnaly şu ýylyň noýabr aýyndaky sanyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlady...

düýn 10:31
10k+

Merkezi Aziýada üstaşyr ýük daşamalarynda gümrük amallaryny iň tiz Türkmenistanyň gümrük nokatlary ýerine ýetirýär

Merkezi Aziýa ýurtlaryň arasynda üstaşyr ýükleriň daşamalarynda Türkmenistanyň gümrük nokatlary gümrük amallary üçin iň gysga wagty sarp edýär. Şeýle netije Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlaryň çäklerinden harytlaryň eksportynda we üstaşyr geçirilmeginde sarp edilýän wagt we çykdajylar boýunça geçirilen barlaglarynyň netijeleri boýunça alyndy...