Yssy howa awtoulaga nähili zyýan ýetirip biler

  • 12.07.2022 14:56
  • 40k+

Yssy howa «demir atymyza» ýaramaz täsirini ýetirip biler. Moskwanyň  Awtoulag-ýol döwlet tehniki uniwersitetiniň (MADI) "Awtomobil ulagynyň ekspluatasiýasy we awtohyzmat" kafedrasynyň dosenti Lew Zimanowyň sözlerine görä, 30 dereje yssy howada ulagy nädogry ulanmak hereketlendirijini hatardan çykaryp biler diýip, Sputnik radiosy habar berýär.

Elbetde, ulaglar ýasalanda olar dürli howa şertlerinde işlemäge ýaramly edilip döredilýär. Şol sanda ýokary temperatura hem çydamly bolýar. Ýöne, mysal üçin, onuň sowadyş ulgamynda näsazlyk bar bolsa, onda yssynyň täsiri bilen çynlakaý kynçylyklaryň ýüze çykmagy mümkin.  

"Häzirki zamanyň ulag serişdeleri dürli temperatura uýgun edilip goýberilýär. Esasy zat, olaryň sowadyş ulgamynyň saz işlemegini gözden salmaly däl. Tomsuň başynda ulagyň radiatorynyň tozgadan, tos-tozandan ýaňa dykyn almagy mümkin, şonda sowadyjy suwuklyk aşa gyzyp, hatda gaýnabam bilýär. Şol gaýnap durşuna-da, hereketlendirijini sandan çykarýar" - diýip, Lew Zimanow belleýär.  

Şeýle-de, ol ulagy gaty sürmegi, aýratynam yssy howada ýokary tizlikde sürmegi maslahat bermeýär. Şonuň ýaly ýagdaýlarda ýagyň şepbeşikligi peselýär, bu bolsa hereketlendirijiniň tiz sandan çykmagyna getirýär.

şu gün 12:41
1.1k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

düýn 10:57
2.4k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

düýn 09:51
2.3k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

31.05.2026 16:54
4.3k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....