Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi

  • 12.07.2022 14:51
  • 6.1k+

Serbiýaly Nowak Jokowiç “Uimbledon” ýaryşynda ýeňiş gazanandygyna garamazdan, Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde birnäçe setir aşak düşdi. Reýtingiň täzelenen görnüşi ATP-niň saýtynda ýerleşdirildi diýip, interfax.ru habar berýär.

Indi Jokowiç ýedinji orny eýeleýär, geçen reýtingde ol üçünji orunda ýerleşipdi. Bu pese düşme serbiýaly türgeniň bir ýyl ozal “Uimbledondaky” ýeňşi üçin reýting utuklaryny gorap bilmändigi we 2000 baly ýitirendigi bilen baglanyşyklydyr. ATP we Zenanlaryň tennis assosiasiýasy (WTA) guramaçylaryň russiýaly we belarusly tennisçileri ýaryşdan çykarmak kararyna garşy nägileligiň nyşany hökmünde “Uimbledon – 2022-de” reýting ballaryny hasaplamady.
Dünýäniň birinji raketkasy adyny “Uimbledon – 2022-ä” gatnaşmadyk russiýaly Daniil Medwedew saklady. Ikinji orny henizem germaniýaly Aleksandr Zwerew eýeleýär. 
Üçünjiden altynja çenli orunlary her biri bir setir ýokary galan Rafael Nadal (Ispaniýa), Stefanos Sisipas (Gresiýa), Kasper Ruud (Norwegiýa), Karlos Alkaras (Ispaniýa) eýeleýär.
Sekizinji orunda, ýagny Jokowiçden soň Andreý Rublýow (Russiýa), dokuzynjy orunda Feliks Ože-Alýassim (Kanada) ýerleşýär.
Ýannik Sinner (Italiýa) üç basgançak ýokary galyp, onluga girdi.


düýn 16:21
5.8k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.6k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

18.05.2026 17:48
1.6k+

Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy....

04.05.2026 14:06
1.6k+

Sinner yzygiderli bäş «Masters» ýaryşynda utmagy başaran ilkinji tennisçi boldy

Italýan tennisçisi, dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Madridde geçirilen «Masters» seriýasynyň ýaryşynda ýeňiji boldy we taryhy üstünlige ýetdi....