Pajygaly aradan çykan Sindzo Abeniň hatyrasyna Aşgabatda sadaka berildi

  • 12.07.2022 11:39
  • 55k+

11-nji iýulda Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanynyň adyndan Sindzo Abeniň hatyrasyna gurbanlyk sadakasyny berdi. Bu waka Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministriniň ýagty ýadygärligine çuňňur hormat goýulýandygynyň güwäsi boldy. “Arkadag” myhmanhanasynda geçirilen çärä hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Hajy Arkadagymyz sadaka gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, hormatly Prezidentiň adyndan berilýän bu gurbanlyk sadakasyny Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýagty ýadygärligine bagyşlaýandygyny aýtdy. Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, merhum döwlet işgäri häzirki döwür dünýä syýasatçylarynyň hem-de döwlet işgärleriniň arasynda aýratyn orun eýeleýärdi hem-de halkara derejede belent abraýa eýe boldy. Sindzo Abe Ýaponiýanyň Hökümetiniň baştutany bolmak bilen, tutuş ömrüni öz ýurdunyň bähbidine gulluk etmäge bagyşlady. Dünýäniň dürli döwletleri hem-de iri halkara guramalar bilen durnukly, özara hormat goýmak gatnaşyklaryny saklady diýip, hajy Arkadagymyz belledi.

"Sindzo Abe Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna uly goşant goşan beýik syýasatçydyr hem-de meşhur şahsyýetdir. Maňa birnäçe gezek onuň bilen duşuşmak miýesser etdi. Biz hemişe onuň belent adamkärçilik häsiýetlerine uly hormat goýýardyk, onuň bilen dostluk gatnaşyklaryny saklaýardyk" diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

"Görnükli şahsyýetiň hatyrasyna berýän gurbanlyk sadakamyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Sindzo Abe gurban boldy" diýip, hajy Arkadagymyz belledi we onuň ýagty ýadygärligine hormat goýup, bir minut dymyşlyk yglan etdi. Soňra Aşgabat şäheriniň ymamy tebärek çykdy. Tebärekden soň, merhum Sindzo Abeniň hatyrasyna gurbanlyk sadakasy berildi.

Hajy Arkadagymyz Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň ýanyna baryp, Sindzo Abeniň aradan çykmagy zerarly duýgudaşlyk bildirdi we tutuş ýapon halky üçin agyr günde medet beriji sözlerini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýanyň ilçisine Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan Imperator Naruhito, dostlukly ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisida çuňňur gynanç sözlerini ýetirmegini haýyş etdi.


düýn 10:23
9.8k+

Türkmenistanda Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

15-nji dekabrda Aşgabatda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Baş arça Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdyldy. Aýazbabadyr...

15.12.2025 08:54
9.4k+

Gar gatyşykly ýagyş ýagar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (15.12 - 21.12)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda gar gatyşykly ýagyş ýagar...

13.12.2025 17:03
5.4k+

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda baýramçylyk konserti boldy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Oňa Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilen halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary bilen bilelikde gatnaşdy...

12.12.2025 15:21
3.3k+

Döwletliler köşgünde we Arkadag şäherindäki sagaldyş-dikeldiş merkezinde terbiýelenilýän çagalara sowgatlar gowşuryldy

11-nji dekabrda Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde bilim-terbiýe alýan çagalar hem-de Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde terbiýelenilýän we saglygy dikeldilýän çagalar dürli datly miwelerden, süýjülik we beýleki naz-nygmatlardan ybarat sowgatlary kabul etdiler...