Mask Twitteri satyn almakdan ýüz öwürdi

  • 10.07.2022 10:47
  • 11k+

Tesla-nyň we SpaceX-iň ýolbaşçysy Ilon Mask sosial toruň galp akkauntlar we spam-botlar hakyndaky maglumaty bermändigi sebäpli Twitteri satyn almak boýunça geleşikden ýüz öwürdi diýip, milliarderiň aklawçylarynyň beýannamasyna salgylanýan Reuters agentligi habar berýär.

Twitter spam-akkauntlar hakyndaky maglumatlar we galp hasap ýazgylary bilen bagly "birtopar  soraglara jogap berip bilmedi ýa-da olara jogap bermekden boýun gaçyrdy"  diýip, Maskyň wekilleri mälim etdiler. Olar Twitteri  Tesla-nyň we SpaceX-iň ýolbaşçysy bilen baglaşylan ylalaşygyň birnäçe düzgünlerini bozmakda aýypladylar.
Twitteriň paýnamalary söwdalaşyklaryň dowamynda 7% pese gaçdy.
Twitteriň Direktorlar geňeşiniň başlygy Bret Teýlor sosial toruň kazyýete ýüz tutmak meýliniň bardygyny habar berdi.
Şertleşige laýyklykda, geleşik amala aşmadyk ýagdaýynda Mask 1 mlrd dollar möçberinde jerime tölemeli bolar. 
Mask (dünýäniň iň baý adamy; Forbes-iň 2022-nji ýylyň aprelindäki hasaplamasyna görä, baýlygy  219 mlrd dollar) aprel aýynda 44 mlrd dollara sosial tory satyn almakçydy. Ýöne soňra, galp we spam-akkauntlaryň Twitteriň ulanyjylarynyň umumy sanyndan 5% azdygy baradaky maglumat tassyk bolýança, geleşigi togtatdy. 


26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

01.04.2026 15:29
907

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.3k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...