MrBeast-iň öz doglan güni üçin satyn alan mahabaty 7,3 million gezek görüldi

  • 10.05.2025 19:50
  • 7.5k+

MrBeast hökmünde tanalýan YouTube blogeri Jimmi Donaldson özüni doglan güni bilen gutlamak üçin 27 ýaşynyň dolan güni X (öňki Twitter) sosial ulgamynda mahabat ýerini satyn aldy.

Ekranlarda hiç hili düşündirmesiz we goşmaça tekstsiz ýönekeý “Doglan günüň bilen, MrBeast!” ýazgysy peýda boldy.
Mahabat derrew ünsi çekdi. Ol ýerleşdirileni bäri 7,3 million gezekden köp görüldi, 115 müň laýk we tas 10 müň teswir ýygnady. Ulanyjylar öz täsirleri bilen paýlaşdy: käbirleri onuň gutlagyna goşuldy, beýlekiler nätanyş adamlardan gutlag almak üçin şonça pul sarp edilendigine geň galdy.
X-de mahabat gymmat. Dürli hasaplamalara görä, bir ulanyjy seslenmesiniň bahasy 0,30 dollardan 1,50 dollara çenli bolup bilýär. Mahabatyň gurşap alan auditoriýasyny göz öňünde tutsaň, ol alty sagadyň dowamynda blogere 1,2 million dollardan 7,2 million dollara düşen bolmaly. Bu diňe çen-takmyn baha bolup, hakyky baha dürli ýagdaýlara we mahabaty ýerleşdirmegiň şertlerine bagly bolýar.
Soňrak MrBeast öz postuna YouTube kanalynyň meşhurlygy bilen bagly görkezijileri goşdy:

“Ine, biz 12 ýaşymdan häzire çenli (27 ýaş) her ýyl YouTube-da şunça tomaşa sanyny aldyk!

Ýaş/Tomaşa

12 – 15 000
13 – 7 000
14 – 41 148
15 – 125 634
16 – 202 000
17 – 5 482 596
18 – 122 441 813
19 – 464 282 517
20 – 2 099 879 911
21 – 3 324 451 660
22 – 8 184 185 544
23 – 13 265 311 414
24 – 19 135 206 772
25 – 32 686 259 082
26 – 36 436 299 644
27 – Indi başlady”

MrBeast X platformasy bilen öňden bäri aragatnaşyk saklaýar. 2024-nji ýylda Ilon Maskyň hut özüniň käbir meşhur akkauntlary, şol sanda Donaldsonyň akkauntyny mahabatlandyrandygy habar berildi. Şeýle postlar adaty ýaly görünýär, ýöne olar goşmaça auditoriýany gurşap alýar. Ýöne bu gezek mahabat resmi taýdan bellendi we ulanyjylardan gizlenilmedi.


şu gün 19:48
1.1k+

Bikanun kontenti aýyrmak üçin 3 sagat: Hindistan sosial ulgamlara bolan talaplary güýçlendirdi

Hindistanyň hökümeti sosial ulgamlara bolan talaplary güýçlendirip, bikanun diýlip ykrar edilen kontenti aýyrmagyň möhletini habarnama alnan pursatyndan başlap, 36 sagatdan üç sagada çenli gysgaltdy. Täze düzgünler Meta, YouTube we X ýaly iri platformalara degişli bolup, olar 20-nji fewralda güýje girer...

04.02.2026 16:56
3.7k+

Ispaniýanyň häkimiýeti kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin sosial ulgamlary gadagan etmäge taýýarlanýar

Ispaniýada 16 ýaşdan kiçi ýetginjekler üçin sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etmek meýilleşdirilýär. Bu barada ýurduň premýer-ministri Pedro Sançes Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen sammitde aýtdy diýip, The Guardian neşiri habar berýär...

19.01.2026 22:57
1.2k+

Threads-yň auditoriýasy 320 mln ulanyjydan geçip, X-iň görkezijilerinden ýokary boldy

Threads sosial ulgamlaryň bazarynda orunlaryň paýlanyşyny sessiz we ynamly üýtgedip başlady. 2026-njy ýylyň ýanwaryna çenli Meta-nyň platformasynyň auditoriýasy 320 mln işjeň ulanyjydan geçdi – bary-ýogy bir aýda ösüş 30 mln ulanyjydan gowrak boldy...

16.08.2025 17:50
1.6k+

 Meta-nyň Threads sosial ulgamynyň aýlyk ulanyjy sany 400 milliondan geçdi

Meta degişli bolan Threads sosial ulgamynyň aýdaky işjeň ulanyjylarynyň sany 400 milliondan geçdi diýip, Instagram-yň baş direktory Adam Mosseri aýtdy. Mosseri işe başlany bäri iki ýylyň içinde bu hyzmatyň "açyk pikir alyşmak üçin möhüm platforma" öwrülendigini aýtdy...